SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Hytaý 27 ýurda sanjym eksport etdi

Hytaý Halk Respublikasy dünýäniň 27 ýurduna koronawirus ýokanjyna garşy işlenip düzülen sanjym eksport etdi we 53 sany mätäç döwlete sanjym kömegini muzdsuz amala aşyrýar.

“Sinhua” habarlar gullugynyň habaryna görä, bu barada Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň resmi wekili Wan Wenbin metbugat ýygnagynda habar berdi.

Hytaýyň Pakistan, Kamboja, Laos, Ekwatorial Gwineýa, Zimbabwe, Mongoloýa we Belarus ýaly döwletlere muzdsuz sanjym kömegini beren bolsa, Serbiýa, Wengriýa, Peru, Çili, Meksika, Kolumbiýa, Marokko, Senegal, BAE we Türkiýe ýaly ýurtlara sanjymlaryň ilkinji tapgyry eksport edildi.

Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň resmi wekili halkara jemgyýetçiliginiň bähbidine sanjym öndürmek işine işjeň goşulýandyklaryny belläp, bu ugurda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi ugrunda ähli mümkinçilikleriň ýerine ýetirilmegine goşant goşjakdyklaryny belledi.

 

Gülälek Gulmyradowa: Käbäm bilen bile ýörän ýollarym!

 

Ýene-de okaň

5 aýda Özbegistana 5 milliondan gowrak syýahatçy geldi

Eýran howa giňişligini doly açdy

Türkmenistanyň syýahatçylyk kärhanalary Seul halkara syýahatçylyk sergisine gatnaşdy

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: Dubaý we Abu-Dabi gatnawlary 15-nji iýuna çenli ýatyryldy

Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça täze maksatnama tassyklandy

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: Dubaý we Abu-Dabi gatnawlary 1-nji iýuna çenli ýatyryldy