TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
TEHNOLOGIÝA

“Huawei P50” telefon seriýasynyň resmi tanyşdyrylyş dabarasy boldy

Bu ýylyň iň meşhur “Huawei P50” telefon seriýasynyň düýn tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. “Snapdragon 888” prosessory bilen üpjün edilen telefonyň iki görnüşi (“Huawei P50” we “Huawei P50 Pro”) satuwa çykdy.

“Huawei P50” modelde f/1.8 diafragmaly 50 megapiksellik, “OIS” tehnologiýasy bilen üpjün edilen esasy kamera bar.

“Huawei P50 Pro” teefonynda bir sany 40 megapiksellik esasy (f/1.6 diafragmaly), f/2.2 diafragmaly ultra giňiş görüş meýdanyna eýe kamera ýerleşdirilipdir. Bu kameralaryň ikisi hem awtomatik lazer tehnologiýasy bilen goldanylýar.

“Huawei P50 Pro” telefony ýakynlaşdyrma üçin niýetlenen periskop kamera sistemasy bilen üpjün edilipdir. “Huawei P50” modeliň arka tarapynda bolsa 13 megapiksellik esasy we 12 megaiksellik ultra giňişlik kameralary goýlupdyr.

Telefonyň “Pro” modelinde ýerleşdirilen “XD Fusion Pro” atly tehnologiýa ulanyjylara uly mümkinçilikleri hödürleýär.

Bu telefon seriýasynyň iki prosessorly wersiýalary (“Kirin 9000 yonga” we “Snapdragon 888”) çykdy. Emma “P50” telefon 5G interneti däl-de, 4G interneti goldar. “Huawei P50”-de 8 GB içki ýat, 256 GB daşky ýat, “Huawei P50 Pro”-da bolsa, 12 GB içki ýat we 512 GB daşky ýat bar.

“Huawei” şereketiniň täze telefonlarynyň ekranlarynyň ululygy hem biri-birine örän ýakyn. “Huawei P50 Pro”-da 6.6″ OLED ekran, 120 Hz ekran täzelenme tizligi we 300 Hz ekran duýgurlygy bar. “Huawei P50″ telefony bolsa, 6.5” OLED ekran, 90 Hz ekran täzelenme tizligi we 300 Hz ekran duýgurlygy bilen “agasyndan” sähel yzda galýar.

Her iki telefonda-da biri-birine ýakyn batareýalar (“P50” – 4100 mAh; “P50 Pro” – 4360 mAh), 66 Watt simli we 50 Watt simsiz zarýadlandyryjylar, “IP68” diýlip atlandyrylan suwdan hem-de tozandan goraýan tehnologiýa, stereo ses çykaryjylar ýerleşipdir.

Bu telefonlar häzirlikçe diňe Hytaý üçin tanadylan bolsa-da, ýakyn wagtda global tanyşdyrylyş dabarasy hem geçiriler. Emma bu dabaranyň geçiriljek wagty we telefonlaryň bahasy anyk belli däl.

Şu ýerde ýene bir bellenilmeli zat: “Huawei P50” 3 dürli reňkde, “Huawei P50 Pro” bolsa 5 dürli reňkde satuwa çykdy.

 

Maksat  TAGANOW,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň

žurnalistika hünäriniň talyby.

 

Kataryň daşary işler ministriniň Tükrmenistana sapary meýilleşdirilýär

 

 

Ýene-de okaň

Täze “Moskwiç” ulagynyň önümçiligine başlandy

Ata Watan Eserleri

Dünýäniň iň uly ýahtasy gurlar

Ilkinji türkmen antiwirusy tanyşdyryldy

Teswirle