TEHNOLOGIÝA

Huawei Nova 8i telefonyny tanyşdyrdy

Huawei Nova 8 telefon seriýasyna täze bir telefony goşdy. Şereket täze telefony Nova 8i diýip atlandyrdy. Häzire çenli Nova 8 telefon seriýasyna 4 sany smartfon degişlidi: Nova 8 5G, Nova 8 Pro 4G, Nova 8 Pro 5G we Nova 8 SE. Nova 8i smartfony bilen bularyň sany 5-e ýetdi.

Täze smartfon Nova 8i Huawei şereketi tarapyndan “Çarçuwasyz ekran” diýlip mahabatlandyryldy. Bu telefonyň kenarlarynda ujypsyz, ýagny telefonyň sag we çep tarapynda 1,3 mm hem-de üst tarapynda 1,35 mm çarçuwa bar. Bu smartfonyň ekrany 6,67″ ululygynda we FullHD+LCD tehnologiýasyny ulanýar. Telefonyň çep üst tarapynda 16 megapiksellik selfi kamerasy ýerleşdirilen.

Huawei 8i smartfonynyň arka kysmynda bir tegelegiň içinde ýerleşdirilen 4 sany dürli görnüşdäki kamera bar. Bu kameralar toplumynda 64 megapiksellik esasy kamera, 8 megapiksellik ultra giňişlik kamerasy, 2 megapiksellik makro kamera we 2 megapiksellik-de ýakynlyk kamerasy ýerleşýär we bu kameralaryň hemmesi emeli aň bilen üpjün edilen.

Huawei Nova 8i smartfonynda Qualcomm Snapdragon 662 hem ýerleşdirilipdir. Smartfon 8 GB-a çenli RAM-a (içki ýat) we 128 GB-a çenli daşky ýada eýe. Smartfonyň batareýasy 4.300 mAh. Huawei şereketiniň berýän maglumatyna görä, täze smartfon 0-dan 100-e çenli zarýady 38 minutda alýar.

Huawei şereketi täze Nova 8i smartfonynyň häzirlikçe diňe Maleýziýada satyljakdygyny habar berdi. Täze smartfonyň bahasy bolsa 312 dollar edilip kesgitlendi.

 

Taýýarlan: Maksat TAGANOW,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň

žurnalistika hünäriniň talyby.

 

OPPO oýun oýnamak üçin ýörite telefon öndürer

 

 

Ýene-de okaň

Gazagystan uçýan taksilere gyzyklanma bildirýär

Ilon Maskdan iň “akylly” emeli intellekt taslamasy

“TikTok” tory “Apple Store” we “Google Store” gaýdyp geldi

Ýewropa Bileleşigi emeli intellekt üçin 200 milliardlyk maýa goýum meýilleşdirýär

Gazagystan emeli aň boýunça halkara hyzmatdaşlygyny ösdürýär

Ata Watan Eserleri

Ilon Mask 97 milliard dollar teklip etdi,  Sam Altman kabul etmedi!