TEHNOLOGIÝA

“Huawei”-iň ilkinji awtoulagy tanyşdyryldy

Awtoulag dünýäsine girmegine garaşylýan tehnologiýa kompaniýalarynyň biri bolan “Huawei” kompaniýasy Şanhaý awtoulag sergisinde garaşylmadyk ýagdaýda çykyş etdi. Kompaniýa öz ady bilen satyljak ilkinji modeli “Seres SF5”-i hödürledi.

“Huawei” dükanlarynda satyljak gibrid ulag 1,5 litrlik benzin we iki sany elektrik hereketlendirijisi bilen işleýär. 500 at güýji bolan ulag 4,7 sekuntda 0-dan 100-e çenli tizlenip biler.

“Huawei”-iň beren beýanyna görä, ulag diňe elektrik goldawy bilen 180 kilometre baryp biler. Doly gibrid ýangyjy we doly zarýadly batareýa bilen ulag 1000 kilometre çenli aralygy geçip biler. Ulagda “Huawei HiCar” atly dik ýerleşen uly multimediýa ekrany bar.

 

Marsda ilkinji kislorod alyndy

 

 

Related posts

Dünýäniň iň uly Gün elektrik bekedi

Ata Watan Eserleri

“Audi” kompaniýasy Hytaýda zawod gurýar

Ata Watan Eserleri

Elektron örtük