TEHNOLOGIÝA

“Huawei”: ilkinji eplenýän smartfon, akylly äýnek we elektrikli ulag

Hytaýyň dünýä belli tehnologiýa ägirdi “Huawei” kompaniýasy täze enjamlaryny tanyşdyrdy we tehnologiýa bazarynda ornuny saklaýandygyny görkezdi. Kompaniýanyň gurnan tanyşdyrylyş dabarasynda eplenýän ilkinji “P50 Pocket” smartfony, “akylly” äýnegi hem-de elektrikli awtoulagy köpçülige hödürlendi.

Täze telefonda çeýe esasy displeý, habarnamalara we programma gurallaryna çalt girmek üçin kiçijik tegelek 1 dýuým daşarky displeý bar. Smartfon “Harmony OS 2” operasion ulgamy arkaly işleýär.

Esasy ekranyň ýokarsynda 10,7 megapiksel durulykdaky selfi kamerasy bar. Esasy kamera üç modulda gurlupdyr.

Bu telefon ilkinji bolup, Hytaýda satylyp başlandy. Soňlugy bilen dünýäniň ähli ýurdunda satylyp başlanar.

“AKYLLY” ÄÝNEK WE SAGAT

Tanyşdyryş dabarasynda “Huawei” kompaniýasy öz akylly äýneklerini hem görkezdi we bular “Harmony OS” operasiýa ulgamyna esaslanýan markanyň ilkinji äýnegi. Şeýle hem, “Huawei” şereketi bu äýneginde gysga habarnamalardan iş tertibine çenli ähli maglumatlary ses arkaly habar berýär. Batareýanyň ömri 16 sagat. 10 minutlyk zarýad, goşmaça 80 minut aýdym diňlemäge mümkinçilik berýär.

Şeýle hem Hytaý kompaniýasy dünýäniň täzeliklerini yzarlap, “Watch D” atly akylly sagadyny hem tanyşdyrdy. Ol hem beýleki sagatlarda bolşy ýaly, adaty funksiýalar bolan elektrokardiogramma ýaly birnäçe funksiýalar bar.

ELEKTRIKLI AWTOULAG

“Huawei” kompaniýasy we “Seres” elektromobil öndürijisi bilelikde “Aito M5” gibrid elektrikli ulagyny tanyşdyrdy.

 

 

Milli Liderimiz azerbaýjanly kärdeşini doglan güni bilen gutlady

Ýene-de okaň

Albaniýa dünýäde ilkinji bolup emeli aňy ministr edip belledi

Ata Watan Eserleri

“OpenAI” kompaniýasy “Oracle” bilen 300 mlrd dollarlyk şertnama baglaşdy

“Apple” täze “iPhone 17” we “17 Pro”-ny tanyşdyrdy

Amerikada hususy pudakdan emeli aň sowatlylygy we bilimi üçin milliardlarça dollarlyk goldaw

Aşgabatda sowadyjyly täze awtobuslar ýolagçylara hyzmat eder

Gazagystanda emeli aň boýunça ministrlik dörediler