JEMGYÝET

Howa maglumaty: 21-27-nji iýun aralygy

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde çap edildi.
Balkan welaýatynda az-kem bulutly howa bolup, gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +21… +26 gradusdan +25… +30 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +37… +42 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +33… +38 gradus yssy bolar.
Ahal welaýatynda az-kem bulutly howa bolup, gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 10 — 15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +18… +23 gradusdan +22… +27 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +31… +36 gradusdan +36… +41 gradus aralygynda yssy bolar.
Mary welaýatynda az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +17… +22 gradusdan +20… +25 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +31… +36 gradusdan +35… +40 gradus aralygynda yssy bolar.
Lebap welaýatynda az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +16… +21 gradusdan +21… +26 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +30… +35 gradusdan +35… +40 gradus aralygynda yssy bolar.
Daşoguz welaýatynda az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 6 — 11 metrden 10 — 15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +16… +21 gradusdan +20… +25 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +30… +35 gradusdan +35… +40 gradus aralygynda yssy bolar.
Paýtagtymyz Aşgabatda az-kem bulutly howa bolup, gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 11 metrden 10 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +21… +23 gradusdan +25… +27 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +34… +36 gradusdan +38… +40 gradus aralygynda yssy bolar.

 

Hytaýda 1 milliard doza sanjym edildi

Related posts

Turkmen-Belarus Commission on Economic Cooperation

vepa

HOŞ HABAR! Türkmen dutary ÝUNESKO-nyň sanawynda

Prezident Ilham Aliýew: Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklar soňky ýyllarda depginli ösýär

Ata Watan Eserleri