DÜNÝÄ

Hot-dog iýmekde dünýä rekordy

Amerikaly Joeý Çestnat hot-dog iýmekden dünýä rekordyny goýdy. Ol 10 minutda 76 hot-dog iýip, uly üstünlik gazandy. Içi sosiskaly çöregi ýagny hot-dog iýmek bäsleşigi her ýyl ABŞ-nyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli guralýar.

Bu gezek hem “ESPN” teleýaýlymy tarapyndan alnyp berlen bäsleşik Nýu-Ýork şäherinde geçirildi. Bu ýaryş ilkinji gezek 1916-njy ýylda geçirildi. Şonda irlandiýaly Jim Mallen 12 minutda 13 hot-dog iýipdi.

Diňe Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda geçirilmedik bu ýaryşda soňky ýyllarda Joui Çestnat oňat netijeler görkezip, ýeňiji bolup gelýär. Ol 2020-nji ýylda 75 sany hot-dog iýen bolsa, üstümizdäki ýylda 76 sanysyny iýdi.

Bu bäsleşikde ikinji orny eýelän Jeffri Esper 51 sany, üçünji orny eýelän Nik Uiri 43 hot-dog iýdi.

2011-nji ýyldan bäri zenanlaryň arasynda hem bu bäsleşik geçirilýär. Bu gezek Mişel Lesko 10 minutda 30,5 hotd-go iýip ýeňiji boldy.

Bäsleşigiň ýeňijilerine 10 müň dollar pul baýragy hem-de kemer sowgat edilýär. Bäsleşikde ikinji orny eýelän 5 müň, üçünji orny eýelän 2,5 müň dollar pul baýragy gazanýar.

 

Ilkinji Olimpiýa rekordy: 12 ýaşly türgen Tokio barýar

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa sapary maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Belarusyň ilçisi bilen duşuşdy

Türkmenistanyň we Russiýanyň ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Türkiýä sapary meýilleşdirilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň we Mongoliýanyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistan bilen Rumyniýa energetika hyzmatdaşlygyny maslahatlaşdy