DÜNÝÄ

Horwatiýalylar ABŞ-a 90 gün wizasyz girip bilerler

Amerikanyň Birleşen Ştatlary Horwatiýany Amerikanyň topragynda wizasyz syýahat meýilnamasyna goşdy.  Indi horwatiýalylar ABŞ-a 90 günlük möhletde wizasyz girmek mümkinçiligine eýe boldular-diýip “Reuter” habar berýär.

ABŞ-nyň Içeri howpsuzlyk ministri Aleksandr Maýorkas: “Şu gün Horwatiýany wizasyz hereketleniş maksatnamasyna täze gatnaşyjy hökmünde bellemek biziň ýurtlarymyzyň umumy ykdysady we howpsuzlyk bähbitleriniň möhüm ykrar edilmegidir” diýdi.

Öz gezeginde Horwatiýanyň premýer-ministri Andreý Plenkowiç hem bu karar barada öz pikirini bildirdi. Ol :”Biz ABŞ-nyň kararyny goldaýarys. Munda hemmeden köpräk Horwatiýa raýatlary peýda görýär, olar ABŞ-a wizasyz syýahat edip bilerler. Daşary syýasatyň ileri tutulýan ugurlaryny durmuşa geçirmek bilen gatnaşyklarymyzy has-da güýçlendireris” diýip, “Twitter” sahypasynda ýazdy.

“CNPC” kompaniýasyna ýer bölegi kärendesine berler

 

Ýene-de okaň

“Atawatan Media” topary ABŞ-da ýelkenli sport ýaryşyny tomaşa etdi

Türkiýe Respublikasynyň demokratiýa we milli jebislik güni Aşgabatda bellendi

Aşgabatda Fransiýanyň milli güni bellenildi

Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda

Türkmenistan bilen Türkiýe Ýewropa bazaryna girmek mümkinçiliklerini maslahatlaşdy

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşdy