TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

Horwatiýa ýewro pul birligi zonasyna resmi taýdan goşuldy

Horwatiýanyň 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan ýewro pul birligine goşulyşmagy üçin gol çekişlik dabarasy geçirildi.

Ýewropa Bileleşiginiň Geňeşiniň binasynda geçirilen gol çekişlik dabarasyna Ýewropanyň Merkezi bankynyň başlygy Kristin Lagarde, Ýewropa Bileleşigi Komissiýasynyň başlygynyň orunbasary Waldis Dombrowskis, komissiýanyň ykdysadyýetden jogapkär agzasy Paolo Gentiloni, ÝB-niň döwürleýin başlygy Çehiýanyň maliýe ministri Zbynek Stanjura we Horwatiýanyň maliýe ministrei Zdrawko Mariç gatnaşdy.

Ggol çekişlik dabarasynyň tamamlanmagy bilen Horwatiýa 27 agzasy bolan ÝB-niň ýewro zolagyna kabul edilen 20-njy agza ýurt boldy.

ÝB Komissiýasy 2013-nji ýylyň 1-nji iýunyndan bäri ÝB-niň agzasy Horwatiýanyň ýewro pul birligi zolagyna goşulmaga taýýardygyny mälim edipdi.

Ýewro toparynyň ýolbaşçysy we Irlandiýanyň maliýe ministri Paskal Donohýo 16-njy iýunda beren beýanatynda Horwatiýanyň ähli zerur bolan kriteriýalary ýerine ýetirendigini, 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan ýewro pul birligine geçip biljekdigini belläp geçipdi.

 

Hindistan dünýäniň iň gür ilatly ýurduna öwrüler

Ýene-de okaň

“DigiWomen Codefest” hakaton bäsleşigini geçirdi

Ata Watan Eserleri

«Parahat-7» ýaşaýyş toplumynda täze ýaşaýyş jaýlary gurlar

Türkmenistanda Merkezi Aziýanyň ilkinji gök ammiak öndürýän zawody gurlar

Ata Watan Eserleri

Teswirle