TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Horwatiýa dünýä çempionatyna gatnaşmaga hukuk gazandy

2022-nji ýylda Katarda geçiriljek futbol boýunça Dünýä çempionatynyň Ýewropa saýlama duşuşyklarynda Horwatiýa bilen Russiýanyň ýygyndylary duşuşdy. Bu duşuşykdak ozal, “H” toparçasynda birinji orunda barýan Russiýanyň ýygyndysy Horwatiýadan 1:0 hasabynda utuldy.

Şeýlelikde, Horwatiýanyň ýygyndysy “H” toparçasynda birinji orny eýeläp, gönüden-göni dünýä çempionatyna gatnaşmaga hukuk gazandy. Duşuşygyň ýeke-täk goluny 81-nji minutda russiýaly futbolçy Fedor Kudrýaşow öz derwezesine gönükdirdi.

Bu toparçadaky 10-njy tapgyrda Horwatiýa bilen Russiýanyň arasyndaky duşuşyk Horwatiýanyň Split şäherindäki “Polýud” stadionynda oýnandy.

Güýçli ýagyşyň aşagynda oýnalan duşuşyga Niderlandlardan Danni Makkele eminlik etdi. Oňa Hessel Sgestr we Ýan de Wris kömek etdi.

Russiýanyň ýygyndysy 10 duşuşykda 22 utuk toplady. Horwatiýanyň utugynyň sany bolsa 23-e deň boldy. Horwatiýada toparçada birinji orny eýeläp, Katardaky dünýä çempionatyna gatnaşmaga hukuk gazandy.

Russiýanyň ýygyndysy bolsa Dünýä çempionatyna gatnaşmak üçin beýleki toparçalarda ikinji orny eýelän ýygyndylar bilen goşmaça duşuşyklar geçirip gatnaşyp biler.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Ýewropadan Germaniýa, Daniýa, Fransiýa we Belgiýada dünýä çempionatyna gatnaşmaga hukuk gazanypdy.

 

24 metrlik Täze ýyl arçasy Nýu-Ýorka getirildi

Ýene-de okaň

Katar-2022: Messi ýoluna dowam edýär

Fransiýa pleý-off tapgyryna çykan ilkinji ýygyndy

Ronaldo Saud Arabystanydan teklip bar

Teswirle