TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Hormatly Prezidentimiziň “Garaşsyzlyk-bagtymyz” atly kitaby tanyşdyryldy

Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Garaşsyzlyk-bagtymyz” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu gymmatly eser hormatly Prezidentimiziň  ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli türkmen halkyna eden sowgadydyr.

Halkara gatnaşyklar institutynyň uly mejlisler zalynda geçirilen dabara Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň işgärleri, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ýolbaşçylary we işgärleri, şeýle hem Halkara gatnaşyklar institutynyň professor mugallymlarydyr talyplary gatnaşdylar.

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň hem çagyrylan tanyşdyrylyş dabarasynda Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň direktory Ýagmyr Nuryýew, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Ýewropa ýurtlary bölüminiň geňeşçisi ilçi Nurberdi Amanmyradow, Halkara gatnaşyklar institutynyň Dünýä diller kafedrasynyň mugallymy Gülälek Çopanowa, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň Demokratiýa meseleleri we halkara gatnaşyklary bölüminiň ylmy işgäri Aýnabat Annalyýewa dagylar çykyş edip, hormatly Prezidentimiziň kitabynyň ähmiýeti barada belläp geçdiler.

Kitap 3 dilde bolup, ol köp sanly suratlar bilen bezelipdir. Kitapda “Howpsuz, özerkli ýaşaýşyň galasy”, “Türkmen halky – döwlet häkimiýetiniň ýeke-täk eýesi”, “Budur türkmen binasy”, “Galkynyşyň, ösüşüiň, bagtyýarlygyň täze taryhy eýýamy”, “Gözbaşlar joşly bolsa, bagtyňdan rowaçlyk hem üstünlik çykar”, “Türkmen topraky – bereket mekany”, “Türkmen halky – dörediji we gurujy halk”, “Nusgalyk işler, ilkinjilik, täze önümçilikler, baý tejribe – ösüşiň özeni!”, “Ýoluňyz ak bolsun!”, “Kalbyňyz we ojagyňyz nurly bolsun!”, “Ýaşyl ykdysadyýet – ýaşaýyş ýörelgesi”, “Bazary baryň baýlygy bar” hem-de “Garaşsyzlyk bilen geçmişlidiris, şu günlüdiris we geljeklidiris” diýen mowzuklar öz ornuny alypdyr.

 

Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmen edermen” medaly bilen sylaglandy

Ýene-de okaň

Türkmenistan Hazarýaka döwletleri bilen ulag hyzmatdaşlygyny ösdürmäge taýýar

Moskwada II Hazar ykdysady forumy geçirilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti hatyra çäresine gatnaşdy

Teswirle