TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Hormatly Prezidentimiz Türki geňeşiniň täze binasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Mälim bolşy ýaly, Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde Türki geňeşiň VIII sammiti geçirilýär. Şonuň çäklerinde Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň sekretariatynyň täze ştab-kwartirasynyň açylyş dabarasy boldy.

Açylyş dabarasyna Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, WengriýanyňPremýer-ministri Wiktor Orban we Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň baş sekretary Bagdad Amreýew gatnaşdy.

Döwlet Baştutanlary dabaranyň çäklerinde öz ýurdunyň döwlet baýdaklaryny göterdiler. Soňra döwlet Baştutanlary bilelikde Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň ştab-kwartirasynyň täze binasynyň toýbagyny kesdiler.

Soňra döwlet Baştutanlary bilelikde surata düşdiler. Türki geňeşiň mejlisine gatnaşýan döwlet Baştutanlary täze bina girip, özara gepleşiklere başladylar.

 

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkiýe Respublikasyna nobatdaky sapary

Ýene-de okaň

Awazada sammit: Azerbaýjan, Türkiýe we Türkmenistan

Baş Redaktor

Türkmenistanda Halkara habarlar merkezi dörediler

Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň ýolbaşçylaryny gutlady

Teswirle