JEMGYÝET

Hormatly Prezidentimiz Pekindäki Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Pekin şäherinde geçiriljek XXIV gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşar. Bu barada milli Liderimiz Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyrjak saparynyň öňüsyrasynda bu ýurduň iri we abraýly köpçülikleýin habar beriş serişdelerine beren interwýusynda belläp geçdi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Hytaý Halk Respublıkasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň metbugat attaşesi milli Liderimize Hytaýyň abraýly köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň sowallary bilen ýüzlendi.

Milli Liderimiz Pekin şäherinde geçiriljek XIV gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak baradaky kabul eden kararynyň tutuş dünýä üçin uly ähmiýete eýe bolmagy bilen baglanyşyklydygyny belledi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Pekindäki Olimpiýa oýunlarynyň ýokary guramaçylyk we sport derejesinde geçjekdigini belledi. Hytaýyň bu iri sport ýaryşyna taýýarlygyny üns bilen yzarlandyklaryny bellän döwlet Baştutanymyz munuň üçin iňňän uly işleriň edilendigini, ajaýyp desgalaryň gurlandygyny mälim etdi.

Hormatly Prezidentimiz Hytaýyň ýene-de bir gezek giň göwrümli wezipeleri çözmek babatda öz mümkinçiliklerini görkezendigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz öňde boljak Olimpiýa oýunlarynyň dünýä sportunyň taryhynda uly ähmiýetli waka boljakdygyny we Ýer şarynyň dürli künjeklerindäki millionlarça adam üçin hakyky baýramçylyga öwrüljekdigini belledi.

 

Amerikada Talyp haky bilen bilim almak isleýärsiňizmi: Fulbraýt maksatnamasy

 

Hytaýda Olimpiýa alawynyň 3 günlük ýörişi başlandy

Ýene-de okaň

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň resmi web saýty işe girizildi

Tramp Türkmenistanyň Prezidentini gutlady

Ata Watan Eserleri

Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi

Roseniýor «Çelsiniň» baş tälimçisi boldy

Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

Las-Wegasda “CES 2026” başlady: “Atavatan Media” 30-dan gowrak ýörite söhbetdeşlik geçirdi

Ata Watan Eserleri