JEMGYÝET

Hormatly Prezidentimiz köpçülikleýin welosipedli ýörişine gatnaşdy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ekologiýa çäresine gatnaşyp, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň paýtagtynyň 140 ýyllygyna gabatlanylan köpçülikleýin welosipedli ýörişe badalga berdi.

Ozal habar berlişi ýaly, şanly sene mynasybetli 10 — 25-nji maýda şeýle çäräni geçirmek başlangyjy bilen Aşgabat şäheriniň häkimligi hem-de jemgyýetçilik guramalary çykyş etdiler. Şunda milli Liderimiziň ekologiýany we daşky gurşawy goramak ulgamyndaky giň gerimli işleri aýratyn ähmiýete eýe boldy.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanda köpçülikleýin sport çärelerini, şol sanda welosipedli ýörişleri geçirmek babatda ajaýyp däbiň başyny başlady. Bu başlangyç watandaşlarymyzyň doly goldawyna mynasyp boldy. Olar paýtagtymyzda we tutuş ýurdumyzda guralýan şeýle çärelere ruhubelentlik bilen gatnaşýarlar. Şol çäreler bolsa türkmenistanlylaryň müňlerçesini, şol sanda awtoulaglaryň eýelerini birleşdirýär. Olar bu günlerde awtoulaglaryny sürmeýärler. Şeýlelikde, ýollarda awtoulag serişdeleriniň sany ep-esli azalýar. Bu bolsa, öz nobatynda, umumy ekologiýa ýagdaýyna oňyn täsir edýär.

Ýurdumyzda ekologiýa-sport çäreleri, şol sanda her ýyl giňden bellenilýän Bütindünýä saglyk güni mynasybetli çäreler yzygiderli geçirilýär. Sagaldyş we terbiýeçilik ähmiýetinden başga-da, olar jemgyýetiň ekologiýa medeniýetiniň ýokarlandyrylmagyna we kämilleşdirilmegine ýardam edýär. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, arassa ekologiýa, saglyk we sport diýen düşünjeler öz aralarynda berk baglanyşyklydyr.

Welosipedli ýörişiň ugry boýunça Bitaraplyk binasynyň golaýyndaky çatrykda bu çärä Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary goşuldylar.
Soňra welosipedli ýörişe Milli Geňeşiň Mejlisiniň deputatlary we Halk Maslahatynyň agzalary, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary goşuldylar.
Ýolugrunda sport çäresine köp sanly gatnaşyjylar, şol sanda talyp ýaşlar, şäher jemgyýetçiliginiň, ýaş nesliň wekilleri goşuldylar. Welosipedli ýörişe Döwletliler köşgünde terbiýelenýänler hem ruhubelentlik bilen gatnaşdylar. Hormatly Prezidentimiziň sowgat beren welosipedlerinde ussatlyk görkezýän çagalar milli Liderimize toplumlaýyn bilim almak, sport bilen meşgullanmak hem-de göwnejaý dynç almak babatda döredilýän şertler üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärler.

Köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşyjylar ýurdumyzyň Baş meýdançasyndan hereketini dowam edip, “Ak şäherim Aşgabat” binasyna tarap ugradylar. Şol ýerde bu günki çärä bagyşlanan, paýtagtymyzyň 140 ýyllygynyň hormatyna guralan dabara geçirildi.

 

Gündelik Täleýnama: 12 Maýda Ýyldyzlar näme diýýär?

Ýene-de okaň

Murat Boz Türkmenistanda konsert berer

Türkmenistan-Şweýsariýa: diplomatik we gulluk pasportlar üçin wiza talaplary ýatyryldy

Ata Watan Eserleri

Arkadag şäheri Awstriýada ýokary hil baýragyna mynasyp boldy

Abdulaziz Kamilowa Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen ady dakyldy

Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanan halkara maslahat

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri Magtymguly adyndaky halkara baýrak bilen sylaglandy