JEMGYÝET

Hormatly Prezidentimiz harby uçary synagdan geçirdi

Balkan welaýatynda iş saparynda bolan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow irki maşklary ýerine ýetirenden soň, pyýada we welosipedde gezelenç etdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Ýaragly Güýçleriň ygtyýaryna täze gelip gowşan harby uçarlar, olaryň häsiýetli aýratynlyklary bilen tanyşdy we uçarlaryň birini synagdan geçirdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy harby uçarmanyň ýörite lybasyny geýip, täze harby uçary synagdan geçirmek üçin onuň şturwalynyň başyna geçdi. Döwlet Baştutanymyz harby uçary herekete girizmezden ozal, kada boýunça degişli hereketleri berjaý etdi. Biraz wagtdan harby uçaryň reaktiw hereketlendirijileriniň sesi giňişligi gurşap aldy. Şondan köp wagt geçmänkä, harby uçar asmana göterildi. Sanlyja salymda döwlet Baştutanymyzyň erk edýän harby uçary zerur belentlige çykyp, asman giňişliginde birnäçe öwrüm etdi.

Hormatly Prezidentimiziň erk edýän harby uçary asmanda erkin peselmek, degişli belentlige çalt galmak ýaly tilsimleri ýerine ýetirdi. Turboreaktiw hereketlendirijiler bilen enjamlaşdyrylan bu uçar harby uçarmanlary taýýarlamak üçin hem ähmiýetlidir.

Uçaryň uçuş uzaklygy 2 müň kilometre barabar bolup, onuň iň ýokary uçuş belentligi 13 müň 700 metre deňdir.

Döwlet Baştutanymyz kesgitlenen ugur boýunça ýerine ýetirilýän uçuşyň dowamynda birnäçe öwrümleri amala aşyrdy.

 

Birža täzelikleri: türk işewürleri float aýnasyny satyn aldylar

 

Ýene-de okaň

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Hytaýa dostluk sapary başlandy

Türkmen telekeçileriniň 18 ýyllygyna bagyşlanan sergi geçirilýär

Türkmenistanyň Prezidenti harby gullukdan boşatmak we harby gulluga çagyrmak barada resminama gol çekdi

Eýranyň ilçisi: türkmen-eýran serhedi hyzmatdaşlyk serhedi bolmagynda galýar

Türkmen halky Oraza we Milli bahar baýramynda 4 gün dynç alar

«Galkynyş» topary Bakudaky «Circus Sea Breeze» sirk arenasynda täsirli çykyşlary görkezdi

Ata Watan Eserleri