DÜNÝÄ

Hormatly Prezidentimiz EKO-nyň Sammitine gatnaşdy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň çakylygy boýunça Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (EKO) göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen XIV Sammitiniň işine gatnaşdy.

Dünýäde emele gelen ýagdaýlary nazara almak bilen, şu ýokary derejedäki duşuşygyň gün tertibinde COVID-19 pandemiýasyndan soňky döwürde sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berildi.

Şu Sammite Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhani, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Imran Han we EKO-nyň Baş sekretary doktor Hadi Süleýmanpur gatnaşdylar.

Şeýle hem ýokary derejedäki duşuşyga gatnaşmak üçin Türksoý Geňeşiniň Baş sekretary Bagdad Amreýew, Energetika Hartiýasynyň Baş sekretary Urban Rusnak we beýlekiler çagyryldy.

Türkmenistan 1992-nji ýyldan bäri EKO-nyň agzasy bolup durýar. Bu iri ugurdaş sebitleýin döwletara bileleşiginiň 1985-nji ýylda ykdysady we söwda ulgamlarynda has ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmek maksady bilen, Pakistan, Eýran we Türkiýe tarapyndan döredilendigini ýatlatmalydyrys. 1992-nji ýyldan başlap, EKO-nyň işi, oňa 7 ýurduň – Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Owganystanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň girmegi bilen baglylykda, hil taýdan täze ösüşe eýe boldy. Guramanyň häzirki düzümine çenli onuň giňeldilmeginiň senesi –28-nji noýabr EKO-nyň güni hökmünde bellenilýär.

1995-nji ýylda, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 50-nji mejlisinde kabul edilen Kararnama laýyklykda EKO BMG-de synçy derejesi berildi. Bu düzüm şeýle derejä Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynda (YHG) hem eýedir.

Onlaýn-duşuşygyň açylyş dabarasynda EKO-nyň ozalky, XIII Sammitiniň Başlygy, Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Imran Han çykyş etdi. Ol hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna başlyklyk etmegiň Türkmenistana geçmegi bilen gutlady.

Soňra EKO-nyň XIV Sammitiniň Başlygy—Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan 2021-nji ýylda EKO-da başlyklyk etmegiň Türkmenistana geçýändigi baradaky çözgüdi yglan etdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkiýäniň baştutany hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy tüýs ýürekden gutlap, biziň ýurdumyzyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynda başlyklyk etmeginiň netijeli boljakdygyna hem-de onuň çäklerinde amala aşyryljak başlangyçlaryň tutuş sebitiň abadançylygyna hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.

Milli Liderimiz çykyşynyň başynda ýokary derejedäki şu mejlisi gurandygy üçin Prezident Rejep Taýyp Ärdogana minnetdarlyk bildirdi hem-de Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynda Türkiýäniň üstünlikli we netijeli başlyklyk edendigini belledi we munuň üçin oňa minnetdarlyk bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz foruma gatnaşyjylara ýüzlenip, Türkmenistanyň şu günki mejlise geçilen ýola baha bermek we seljermek nukdaýnazaryndan hem, geljek üçin mümkinçilikleri kesgitlemek babatda hem bu Guramamyň işinde möhüm tapgyr hökmünde garaýandygyny belledi.

Milli Liderimiz Sammite gatnaşyjylary, Guramada Türkmenistanyň başlyklyk etjek döwründe esasy ileri tutulýan ugurlar bilen tanyşdyrdy. Türkmen tarapy EKO-nyň çäklerinde ykdysadyýetde, söwdada, senagatda, energetikada, ulaglarda we kommunikasiýalarda, medeniýet hem-de ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlyk etmegiň toplumlaýyn mümkinçiligini giňeltmäge ýardam bermäge strategik wezipe hökmünde garaýar.

– Ýurtlarymyzyň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmek üçin şertleri döretmegiň üstünde hyzmatdaşlarymyz bilen anyk işleri alyp barmagy göz öňünde tutýarys. Haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmagy we ony diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegi maksat edinýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Ulag geçelgelerini we logistik merkezleri döretmek häzirki döwürde aýratyn ähmiýete eýe bolup durýar. Şundan ugur alyp, milli Liderimiz bu ugurda EKO-nyň taslama işlerini düýpli güýçlendirmegiň, geljegi has uly bolan ülňüleri hem-de ugurlary öňe sürmegiň zerurdygyna ynam bildirdi.

– Şunuň bilen birlikde, biz Gündogar–Günbatar ugry boýunça, Aziýa–Ýuwaş ummany sebitinden kontinentiň ýewropa bölegine, Ýakyn Gündogar tarapa utgaşdyrylan ulag geçelgelerine aýratyn üns bermäge çagyrýarys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Şeýle hem, Türkmenistan Hazar deňzi sebitinde hyzmatdaşlygy giňeltmegi teklip edýär. Sebäbi, hazarýaka döwletleriniň bäşisinden dördüsi EKO-nyň agzasy bolup durýar. Şuny göz öňünde tutup, Hazar deňziniň üsti bilen günbatar we demirgazyk ugurlara, Gara hem-de Baltika deňizleriniň portlaryna işjeň çykmalydyrys.

EKO-nyň giňişliginde energetika ugurlaryny döretmäge, biziň döwletlerimiziň gatnaşmagynda energiýa serişdelerini diwersifikasiýa ýoly bilen ibermäge hem möhüm wezipe hökmünde seredýäris. Häzirki wagtda Türkmenistan hyzmatdaşlary bilen bilelikde “Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan” gaz geçirijisini gurýar. Munuň özi oňaýly we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mysalydyr.

Milli Liderimiz çykyşyny tamamlamak bilen, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň baştutanlarynyň indiki mejlisini 2021-nji ýylyň 28-nji noýabrynda – Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň gününde Aşgabat şäherinde geçirmegi hem-de daşary ýurtly kärdeşlerine duşuşygyň işine gatnaşmak üçin Türkmenistanyň paýtagtyna sapar bilen gelmegi teklip etdi.

 

Türkiýäniň daşary işler ministriniň Merkezi Aziýa sapary

 

 

Ýene-de okaň

ABŞ-nyň Waşington şäherinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dabaralar geçirildi

Türkmenistanyň ilçisi Gruziýanyň Premýer-ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň we Latwiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk maslahatlaşyldy

BMG-niň Baş sekretary ŞHG-niň sammitine gatnaşar

Eýranda nobatdan daşary prezident saýlawlary 28-nji iýunda geçiriler

Türkmenistanyň daşary işler ministri Eýranyň ilçisi bilen duşuşdy