JEMGYÝET

Hormatly Prezidentimiz: bahalaryň ýokarlanmagyna ýol berilmeli däl

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow söwda ulgamynyň ösdürmek babatda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Bu maslahatda bu ugra gözegçilik edýän degişli edaralaryň ýolbaşçylaryna birnäçe tabşyryklar berdi.

Şeýle hem milli Liderimiz gyş möwsüminiň hem golaýlap gelýändigini aýdyp, ýurdumyzyň bazarlarynyň we dükanlarynyň, aýratyn-da, baýramçylyk günlerinde dürli önümler bilen bolelin üpjün edilmegini hemişe gözegçilikde saklamagy, şonuň bilen birlikde, bahalaryň ýokarlanmagyna ýol berilmeli däldigini nygtap, degişli görkezmeleri berdi.

hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjowa ýüzlenip, daşarky söwdanyň seljermesiniň, umuman, geçen ýyl bilen deňeşdirilende, eksportyň 23 göterim artandygyny görkezýändigini belledi.

Biziň önümlerimiziň eksporty ýangyç-energiýa serişdeleri hasaba alynmanda, 48 göterime golaý artdy. Bu erbet görkeziji däl diýip, milli Liderimiz belledi hem-de wise-premýer E.Orazgeldiýew bilen bilelikde bu ugurda entek köp işleriň amala aşyrylmalydygyny nygtady.

 

Türkmen telekeçileri pomidoryň bol hasylyna garaşýar

Ýene-de okaň

Türkmenistan Kuweýt Döwletine ilçi belledi

Tegelek stol: Türkmenistan we Gruziýa – ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri

Türkmenistan Hazar deňziniň ekologiýasy boýunça ýokary derejeli duşuşygy meýilleşdirýär

Türkmen atşynaslary «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ada eýe boldular

Haýyr-sahawat gaznasynyň ýardam bermeginde Arkadag şäherinde daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen mekdep döwrebaplaşdyrylýar

Derýa Soýsal: “Makul iňlisçe we türkmençe” nakyllar kitaby medeni hyzmatdaşlygyň köprüsi