TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

Hindistanyň bugdaý eksporty

2021-2022-nji maliýe ýylynda (31-nji martda tamamlanan) Hindistanyň bugdaý eksporty 7,85 million tonna ýetdi. Bu barada “The Economic Times” habar berdi.

Hindi bugdaýynyň daşary ýurtda satylmagyna dünýä bahalarynyň ýokarlanmagy bilen itergi berildi. Hindistan Koreýa Respublikasyna, Şri-Lanka, Omana we Katara bugdaý eksport edýär. Onuň 1 tonnasynyň bahasy 225 dollardan 335 dollar aralygyndadyr.

2022-nji ýylda Hindistan bugdaý önümçiligini 111.32 million tonna ýetirmegi we şol bir wagtda eksportuny hem artdyrmagy meýilleşdirýär. Häzirki wagtda Müsüre 2 million tonna hindi bugdaýynyň eksport edilmegi babatda gepleşikler geçirilýär. Şeýle hem Nigeriýa, Tailand, Wýetnam, Türkiýe, Bangladeş we Ýakyn Gündogaryň birnäçe ýurtlaryna eksport etmek göz öňünde tutulýar.

Ýurduň Premýer-ministri Narendra Modi Hindistany dünýäniň öňdebaryjy bugdaý eskport edýän ýurduna öwürmegi maksat edinýär.

Hindistanyň hökümeti öz ýurdunyň galla öndürijilerine goldaw bermek bilen, Hindistanyň ýokary hilli bugdaýy durnukly daşary ýurt bazaryna çykarmaga ukyplydygyny görkezmek isleýär. Munuň üçin hökümet tarapyndan 213 hil laboratoriýasy döredildi, şeýle hem bugdaýyň hiline gözegçilik edýän döwlet edaralaryna talaplary güýçlendirmek tabşyryldy.

 

Çempionlar ligasynda 1/4 final duşuşyklary

Ýene-de okaň

Çawuşogly: Türkmenistan bilen söwda gatnaşyklarymyzy ösdüreris

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Özbegistan demirýol ulgamynda hyzmatdaşlygyny ösdürýär

100 milliard dollar ýitiren ilkinji adam

Teswirle