TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
TEHNOLOGIÝA

Hindistanda ilkinji wirtual dünýäde toý guraldy

Hindistanda täze durmuş guran jübüt “Covid-19” çäklendirmeleri sebäpli toýlaryny wirtual dünýäde geçirdi. “Aziýanyň ilkinji metawerse nikasy” diýlip atlandyrylýan toýa 3 müňe golaý adam gatnaşdy.

“National News” habarlar gullugynyň habaryna görä, 24 ýaşly Dineş S.P. we 23 ýaşly Janaganandhini Ramaswami Hindistanyň Tamil Nadu ştatynda öz däplerine görä, toý dabarasyny geçirdi.

“Covid-19” ýokanjy sebäpli myhmanlaryň sany 100 bilen çäklendirilendigi sebäpli, är-aýal toýlaryny wirtual dünýäde geçirmek kararyna geldi.

“Aziýanyň ilkinji metawersa nikasy” diýlip atlandyrylýan iki sagada golaý dowam eden toý dabarasyna gyzyklanma bildiren daşary ýurtlular hem gatnaşdy.

Özlerini “Garri Potter” muşdaklary hökmünde tanadýan jübüt, “TardiVerse” tehnologiýa başlangyjy bilen Hogwarts temaly metadataly dabara guradylar.

Dineş “Çäkli myhmanlar bilen uly günümi zaýalamak islemedim, şonuň üçin meýdanda oturylyşyk gurup, aýratyn günümize gatnaşyp biljek dünýäniň çar künjeginden adamlary çagyrmak hakda pikir etdim” -diýdi.

 

Ärdogan milli Liderimize minnetdarlyk bildirdi

Ýene-de okaň

Kosmos syýahatçylygyna Hytaý hem goşulýar

Geljegiň otlusy tanyşdyryldy

Sagatda 300 pizza taýýarlaýan robot

Teswirle