Hindistan sanjym eksportuna täzeden başlar

Hindistanyň saglygy goraýyş ministri Mansuh Mandawia ýurduň oktýabr aýynda “Covid” sanjymyny eksport edip başlajakdygyny habar berdi.

Hindistan döwleti öz zerurlyklary we daşary ýurtlara eksport üçin aýda 300 milliondan gowrak dozada sanjym öndürmegi meýilleşdirýär.

Dünýädäki iň uly sanjym öndürijisi, içerki islegi kanagatlandyrmak üçin aprel aýynda eksporty togtatdy. Şondan öň Hindistan dünýäniň 76 ýurduna 60 milliondan gowrak sanjym eksport etdi.

 

 

Wise-premýer S.Berdimuhamedow: Türkmenistan senagat taýdan ösen ýurda öwrüldi

ÝENE-DE OKAŇ

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow hormatly Prezidentimiz hat iberdi. Dostlukly ýurduň Prezidenti öz hatynda, Türkmenistanyň wekiliýetini Tatarystana sapara çagyrdy. Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowyň hatynda şeýle diýilýär: - Russiýa Federasiýasy bilen Türkmenistanyň dostlukly gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen Tatarystan Respublikasy bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly üns berýändigiňiz üçin Size hoşallyk bildirýärin. Siziň ýurduňyzy ňGaraşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan baýramçylyk çärelerine gatnaşmak üçin, ýakynda Aşgabada...
Ata Watanymyzda «Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» kabul edilip, onda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň maksatlary, wezipeleri, ugurlary, amala aşyrmagyň tapgyrlary kesgitlenildi. Häzirki döwürde ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan «Sanly Türkmenistan» döwlet maksatnamasynyň ykdysady kuwwatymyzy ýokarlandyrmakda, ilatyň ýaşaýyş derejesini gowulandyrmakda ähmiýetiniň ýokary boljakdygyny alamatlandyrýar. Häzirki wagtda ähli ýurtlarda sanly bilim ulgamyny ornaşdyrmakda, kämilleşdirmekde we ony durmuşa geçirmekde  aýdyň işler...
Ispaniýanyň Madrid şäherindäki hususy saglyk öýi tarapyndan “Aglama öýi” (La Lloreria) akyl saglygynyň ähmiýetini nygtamak we psihologiki goldawy kadalaşdyrmak üçin açyldy. Saglyk öýi tarapyndan berlen beýanatda aglaýan öýüň açylmagy sebäpli 15-nji, 16-njy we 17-nji oktýabrda hemmeler üçin mugt hyzmat berendigi bellenildi. Aglaýan öýüniň diwarlarynda psihologlaryň telefon belgileri bilen birlikde "Giriň we aglaň", "Mende-de aladalar bar", "Erbet bolmak gowy", "Aglamak batyrgaýlyk"...
Kosmosda ilkinji hereketli filmi düşürmek üçin 12 gün ozal Halkara kosmos stansiýasyna iberilen rus kino topary Ýere sag aman gaýdyp geldi. “Çagyryş” diýlip atlandyrylýan filmde kosmonawtyň ýürek keseline kömek etmek üçin kosmosa gidýän hirurgyň wakasy gürrüň berilýär. Russiýanyň kosmos gullugy “Roscosmos” tarapyndan goldaw berlen 12 günlük syýahat kosmos giňişligindäki ýurtlaryň arasynda adam kosmos gatnawy barada köpçüligiň tolgunmasyny döretmek we kosmos...
Lui  Witton 1821-nji ýylda Fransiýada dünýä inýär. 14 ýaşyndaka tutuş Fransiýa aýlanyp çykýar.Ol sandyk ýasap, sandyk ussasy bolýar. Soňra ol öz islegi boýunça Pariže gidýär. 1837-nji ýyldan başlap, Parižiň baýlaryna sandyk ýasamak bilen meşgullanýar. 1854-nji ýylda Parižde öz dükanyny açýar. Ol soňra sandyk ýasaýan fabrikany açyp, dürli dürli aksesuarlary, ýantorbalary, dünýäniň birnäçe meşhur markalaryny hem öz dükanynda ýerleşdirýär. 1885-nji ýylda daşary...
18,713FansLike
19,500FollowersFollow
886FollowersFollow
417SubscribersSubscribe

Iň täze habarlar