DÜNÝÄ

Hindistan-Merkezi Aziýa sammiti geçiriler

Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri Narendra Modi Türkmenistanyň Prezidentine iberen hatynda 2019-njy ýylda ýola goýlan “Hindistan-Merkezi Aziýa” dialogynyň çäklerinde ikitaraplaýyn we sebit hyzmatdaşlygyň geriminiň giňeldilendigi belledi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Narendra Modi öz hatynda Hindistanyň Merkezi Aziýany hoşniýetli goňşuçylyk nukdaýnazaryndan garaýandygyny mälim etdi. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Baştutanlarynyň Respublikanyň güni mynasybetli baýramçylyga gatnaşmak mümkinçiliginden peýdalanyp, sebitde umumy wehimlere köpçülikleýin çemeleşmeleri ara alyp maslahatlaşmak üçin Hindistan-Merkezi Aziýa ýokary derejeli sammiti guramagy teklip eden Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri Narendra Modi munuň özüniň gatnaşyklary täze derejä çykarjakdygyny belledi.

Şunuň bilen baglylykda, Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri Narendra Modi Türkmenistanyň Prezidentiniň Respublikanyň gününiň baýramçylygyna hem-de Hindistan-Merkezi Aziýa sammitine gatnaşmagyna sabyrsyzlyk bilen garaşýandygyny mälim etdi.

Hindistan bu sammiti 2022-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda geçirmegi meýilleşdirýär.

 

Narendra Modi milli Liderimizi Hindistana çagyrdy

Related posts

Suw hojalyk meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-özbek hökümetara toparynyň bäşinji mejlisi geçirildi

Si Szinpin ýuany dünýä ätiýaçlyk walýutasyna öwürmäge çagyrdy

Aşgabat jemleýji resminamasy BMG-niň resmi dillerinde çap edildi

Ata Watan Eserleri