TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Hindistan gurakçylygyň çözgüdini gözleýär

Arassa suwdan peýdalanmak kynçylygyny başdan geçirýän Hindistanda müňlerçe ýyl ozal gurlan we binagärlik täsinlikleri hasaplanýan “basgançakly suw guýularyny” dikeltmäge başlady. Birnäçe asyr mundan ozal gurlan we soňra Hindistanyň gurak sebitlerinde ýatdan çykarylan suw guýulary häzirki suw gytçylygyny çözmekde möhüm ähmiýete eýe boldy. Ters piramida görnüşinde gurlan we aşaklygyna daralyp gidýän bu desgalaryň düýbüne müňlerçe basgançak düşýär.

Ýurduň iň uly we çuň guýysy bolsa, demirgazyk Rajastan welaýatynda ýerleşýän “Chand Bawridir”. 8-nji asyrda Rajput neberesi Raja Çanda tarapyndan gurlan “Chand Bawri”, 30 metr çuňluga çenli jemi 13 gatdan ybaratdyr. Her gatdan düşmek üçin iki tarapda basgançaklar bilen yzygiderli simmetriýaly üçburç basgançaklar ulanylýar. Üç tarapyndaky suwy gurşap alýan bu ters piramidanyň dördünji diwary galereýalar bilen bezelipdir. Jemgyýetiň suw zerurlyklaryny kanagatlandyrmak we ýylyň dowamynda oba hojalygyny dowam etdirmek üçin döredilen guýuda 3500 ädim bar. Ýurduň gurak sebitlerinde, “Chand Bawri” ýaly gurlan suw guýulary müň ýyldan gowrak wagt bäri ünsden düşürilýärdi.

Ýatdan çykarylan ýa-da syýahatçylyk merkezine öwrülen bu desgalar, häzirki zaman suw ulgamlaryny ulanýan şäher meýilleşdirijileri tarapyndan hem taryhy ýadygärlikler hökmünde görlüpdir. Ýüzlerçe ýyl bäri jemgyýetiň suw zerurlyklaryny kanagatlandyrýan käbir suw guýulary düýbünden ýok boldy. Şeýle-de bolsa, soňky ýyllarda suw gytçylygynyň ýüze çykmagy bu nukdaýnazary üýtgedip başlady. Dünýäniň iň köp ilatly ýurtlaryndan biri hökmünde Hindistan, ýurtdaky resmi habarlara görä, taryhynda iň töwekgelçilikli suw gytçylygyna duçar bolýar. Çözgütleri gözlemek geçmişde ulanan tehnologiýalarynyň üstüni açdy we taryhy suw guýulary gaýtadan dikeldilip başlandy.

Birleşen Milletler Guramasynyň bilim, ylmy we medeni guramasynyň (ÝUNESKO) hasabatyna görä, dünýädäki ýerasty suwlaryny öndürýän Hindistanda ýerasty suwlaryň derejesi 2007-nji we 2017-nji ýyllar aralygynda 61 göterim azaldy. Bu wajyp çeşmäniň tükenmegi diňe bir agyz suwunyň elýeterliligini çäklendirmek bilen galman, eýsem azyk howpsuzlygyna hem howp salýar. Tutuş ýurt boýunça 2025-nji ýyla çenli oba hojalygynyň 20 göterim töweregi azalmagyna garaşylýar. Bu görkeziji ýurduň iň gurakçylyga sezewar bolan sebitlerinde 68 göterime ýetip biler.

 

Abu Seýid Ahmet Mänewi – ussat mugallym, alym

 

Ýene-de okaň

Adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk babatda hyzmatdaşlyk ösdürilýär

Gruziýa Türkmenistana täze ilçi belledi

“Türkmenistan-Ýewropa Bileleşigi” Bilelikdäki komitetiniň mejlisi geçiriler

Teswirle