TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Hindi kinosynyň ägirdi

Hindi aktýory, kino prodýuseri we syýasatçysy Hindistanyň üçünji uly raýat baýragynyň— “Padma Bhushan”- nyň ýeňijisi Dharam Singh Deol-ýagny, Dharmendra 1935-nji ýylyň 8-nji dekabrynda Penjabyň Nasrali şäherinde dogulýar.  Ýaşlygyndan tutuş durky bilen kino sungatyna berilýär. Onuň esasy maksady filmde keşp janlandyrmak bolýar. Sungatyň täsin dünýäsi ony erkine goýmaýar. Ýöne muňa garamazdan, birbada arzuwlaryny amala aşyrmak Dharmendra başartmaýar.

Aradan birnäçe ýyl geçenden soňra, ýyllarboýy gursagynda saklap gelen islegini berjaý etmäge mümkinçilik tapylýar. Ýagny, geljekki aktýor Hindistanda film üçin gözden geçirilişine gatnaşýar. Ol hem onuň durmuşynda täze sahypany açýar.

Dharmendra şowly gözden geçirişden soň, prodýuser Arjun Hingoraniň teklibi boýunça “Ýüregim saňa” atly filmde surata düşýär. Emma ol film oňa o diýen şowlulyk getirmeýär. Ýöne geljekki aktýor birjik-de ýaýdanman, filme düşmegini dowam edýär.

60-njy ýyllaryň başynda “Tussaglykda”, “Ykbal öwrümleri”, “Kiçijik Sinha”, “Söýginiň möwsümi”, “Kölegeler”, “Hakykat”, “Ene söýgüsi” ýaly birnäçe filmlerde keşp janlandyryp, kino sungatynyň täsin dünýäsine ymykly girişýär. Netijede, onuň kino sungatyndaky täze meşhurlygy ýüze çykyp ugraýar.

Dharmendranyň 1966-njy ýylda surata düşürilen “Gül we daş” atly filmde ýerine ýetiren Şakanyň keşbi diňe bir hindi kinosöýüjileriniň däl, eýsem, bütin dünýäniň tomaşaçylarynyň hem gyzgyn söýgüsine mynasyp bolýar.

Şol wagtky hindi kinosynyň meşhur aktýory, Rajeş Hanna bilen Dharmendra gezekli-gezegine täsirli keşpleri janlandyrýardylar. Emma Dharmendra şol döwrüň talaplarynyň hem tankytlarynyň hötdesinden gelip, özboluşly ýoluny tapmagy başarýar.

Onuň şol döwürde ýerine ýetiren keşpleriniň aglaba bölegine kino sungatyna ýaňy gadam basan ýaş aktrisa Hema Malininiň hem täsiri bar diýsek ýalňyş bolmaz.  “Ar alyş we kanun”, “Zita we Gita”, “Alybaba we 40 garakçy”, “Ykbal”, “Ýanýan otly”, “Söýgüli Raja”, “Gozgalaň”,” “Gyzyň arzuwy”, “Goşa kenar”, “Jeňňeliň şasy” ýaly başga-da onlarça filmler bilen bütin dünýä meşhur bolan Dharmendradyr Hema Malini soňlugy bilen maşgala gurup, sungat ýollaryny ýene-de dowam edýärler.

Dharmendranyň Sunni we Bobbi atly ogullary Ahana, Eşa atly gyzlary bar. Olar hem hindi kino sungatynda artist hökmünde giňden tanalýarlar.

Dharmendra maşgalada, sungat ýolunda wepaly kärdeş hem ýanýoldaş hökmünde Hema Malininiň adyny hiç wagt dilinden düşürmeýär. Ol öz meşhurlygynyň sebäpkärini gönüden –göni öz maşgalasy hasaplaýandygyny aýdýar.

90 ýaşa golaýlan aktýor häzirem ogullary, gyzlary, öz maşgalasy bilen kino sungatynyň geljekki ykbaly hakynda yzygiderli aladalary edýändigini, filme surata düşmek islegleriniň ýokarlanmasa peselmeýändigini buýsanç bilen gürrüň berýär.

Haçan-da, ekranda Dharmendranyň hem onuň maşgalasy Hema Maliniň ýerine ýetirýän keşplerine syn edeniňde, olaryň hakykatdan-da il-halk, sungat üçin zähmet çekýändiklerine ýene bir gezek şaýat bolýarsyň hem-de  tolgunma bilen türkmen-hindi gatnaşyklarynyň aýrylmaz bütewiligi hakynda bada-bat oýlara berleniniňi duýman galýarsyň.

Iki halkyň dostluk gatnaşyklary bu günüň däl eýsem, taryhyň hem köklerine ornaýar. Muny ýaňy-ýakynda Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowindiň döwlet sapary bilen Türkmenistana gelmegi we ýokary derejeli gepleşikleriň geçirilmegi iki ýurduň hem özara bähbitlerine garalmagy asyrlardan uzap gelýän dostluk gatnaşyklaryna täzeden badalga berilmeginiň  esasynda hem arkaýyn aýdyp bileris.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet başyna geçen pursatlaryndan şeýle uly taryhy duşuşygyň biziň ýurdumyzda bolmagy her birimiziň ýadymyza mäkäm ornajak taryhy hakykat bolar. Iki taraplaýyn geçirilen netijeli söhbetdeşlikleriň dowamynda 3-nji aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyna mertebeli myhman Ram Nath Kowindiň gelmegi wakalara täzeçillik goşdy.

Ram Nath Kowindiň professor mugallymlaryň, talyp ýaşlaryň öňünde çykyş edip, ýokary okuw mekdebinde döredilen “Hindi burçunyň” açylyş dabarasyna gatnaşmagy taryhy wakalaryň üstüni ýetirdi.

Goý, türkmen-hindi dostlugy we medeni hyzmatdaşlygy asyrlardan-asyrlara uzasyn!

Bägül Kakalyýewa

TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

 

 

 

 

15-nji aprel ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ýene-de okaň

Sport we ýaşlar

Türkmenistan iri halkara nebitgaz forumyna taýýarlanýar

Türkmen halky Garaşsyzlyk toýun toýlaýar

Teswirle