TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

Hepdelik täleýnama (27-02-dekabr,ýanwar)

2021-nji ýylyň 27-02-nji dekabr,ýanwar aralygynda hepdelik täleýnamanyň synlary. Bu hepde hamal, sowur, jöwza, seretan, eset, sünbüle, mizan, akrap, kowus, jedi, daluw, hut ýyldyzy astynda doglanlara nämeler garaşýar?!

Hamal (guzy 21.03 — 20.04)

Bu hepdäniň täleýnamasy siz üçin umuman, amatlydyr. Resminamalar bilen az işlemäge synanyşyň. Ýöne säwlik goýberäýen ýagdaýyňyzda-da islendik ýalňyşlygy owadan düzedip bilersiňiz. Işler meýilleşdirilişi ýaly gitmese alada etmäň. Sabyr we ugurtapyjylyk bilen maksatlaryňyza tarap hereket ediň. Hamallar saglygyna has köp üns bermelidir. Dynç gününi maşgalaňyz bilen geçiriň.

Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)

Häzirki astrologiki ýagdaý birneme asuda we durnuklydyr. Bu hepde sowurlar üçin düýpli üýtgeşmeleri wada bermeýär. Ýöne şonda-da öz abadançylygyňyza, girdeji çeşmeleriňize we iş netijeliligiňize üns bermegiňiz wajypdyr. Gahara ýol bermäň. Özüňizi elde saklamagy başaryň.

Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)

Bu hepde, täleýnama görä, duşenbe güni täze tanyşlyklar jöwzalaryň şahsy durmuşyna negatiw ýagdaýda gaty işjeň goşulyp bilerler. Şonuň üçin eýle adamlardan uzak durmaga synanyşyň. Maliýe ýagdaýyňyzy gowulandyrmak bilen meşgullanyň – şu hepde maliýe we şahsy durmuş bilen baglanyşykly islendik zadyň üstünlik gazanmaklyk ähmiýeti uludyr.

Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)

Sişenbe güni ýakymly aragatnaşykda boluň. Bu günüň agşamy, bir käse kofe ýa-da çaýyň başynda gyzykly intellektual söhbetdeşlikler üçin amatly. Toparda düşünişmezlikler bolup biler. Emma öz ýakynlaryňyz we hemişe tarapyňyzda durjak adamlaryňyzyň kömegi bilen olardan derrew baş alyp çykyp bilersiňiz.

Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)

Hereket etmezden ozal durmuşyňyzyň iň gowy pursatlaryndan birini ýitirmeýändigiňize göz ýetiriň. Egerde ýagdaýa bu gün doly göz ýetirmeýän, düşünmeýän bolsaňyz, ertire çenli garaşyň. Emma doly pikirlenmän hereket etmäň. Hepdäniň ahyrynda esetleriň hereketleriniň intensiwligi size mynasyp netije berer.

Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)

Bu hepde täze başlangyçlar we çäreler üçin düýbünden ýaramly däl. Siz geljegiňiz barada alada we özüňize ideg etmek üçin ähli mümkinçiliklerden peýdalanjak boluň. Bu hepde köplenç beýlekiler size mätäç bolarlar we ähli pikirleriňiz we meýilnamalaryňyz amala aşar.

Mizan (terezi 24.09 — 23.10)

Mizanlara şu hepde uly şowlulyklar ýar bolar. Häzirki tälwýnama we ýyldyzlaryň ýerleşişi gaty amatly. Durmuşyňyzda hemme zat diýseň üstünlikli we sazlaşykly ösýär. Köpüsi öz ugrunda köpçüligiň ünsüni özüne çeker, kararlaryň diplomatik görnüşde bolmagy siziň meşhurlygyňyza goşant goşar. Psihologiki rahatlyk size islendik kynçylyklary ýok etmäge kömek berer.

Akrap (içýan 24.10 — 22.11)

Hepdäniň ortalarynda akraplar güýçli howandar tapyp biler. Olaryň köp bölegi ýakyn dostlaryňyzdan bolar. Siz bu döwür wakalaryň merkezinde bolarsyňyz. Jemgyýetdäki, öz töweregiňizdäki ýa edaraňyzdaky, hatda ýurtda bolup geçen uly göwrümli üýtgeşmelere, çärelere-de gatnaşyp bilersiňiz. Şenbe güni, düýbünden tanamaýan adamlaryňyzdan habarlara garaşyň.

Kowus (keman 23.11 — 21.12)      

Kowuslar tutuş hepde kömege mätäç bolarlar. Siz şowlulyklaryňyzy diňe ýakynlaryňyz bilen paýlaşmalysyňyz. Häzirki döwürde öňden bäri gazanyp bilmedik ýalňyzlykdan lezzet alyp bilersiňiz. Ýöne ol az wagtlyk we öz islegiňiz bilen bolan ýagdaýynda. Elbetde, adamyň hemişe-de töweregini adamlaryň gurşap almalydygyny we uzak wagtlap ýalňyzlygyň saglyga hem zyýanlydygyny ýatdan çykarmaň.

Jedi (owlak 22.12 — 20.01)

Hepdäniň ortasyndan başlap, käbir jediler seresap bolmaly we indiki hereketleriniň çägini anyk pikirlenmeli. Şeýle hüşgärligiň sebäbi, daş-töweregiňizdäki biriniň size bolan negatiw garaýşy we göripligi bolup biler. Bu hepde şahsy durmuşyňyzda kynçylyklar bolup biler. Özüňizi elde saklamaga synanyşyň.

Daluw (gowa 21.01 – 20.02 )

Hepdäniň ortasyndan daluwlar maliýe meselelerini çözüp, satyn alyp bilerler, ýöne şeýle amallary gowy keýpde amala aşyryň, şonda şowlulyk size ýaran bolar. Çarşenbe gününi dostlaryňyz bilen geçirip bilersiňiz. Ýa-da özüňiz bilen pikir alyşyp, durmuş we geljekki meýilnamalaryňyz hakda ýekelikde oýlanyp bilersiňiz. Netijede köp dürli peýdaly we degerli pikirleri taparsyňyz.

Hut (balyk 21.02 — 20.03)

Bagtyňyzy gorkuzmazlyk üçin üstünligiňizi töwerekdäkiler bilen paýlaşmazlygy ýatdan çykarmaň. Gaty bir zerur bolmadyk işleriňize çynlakaý garamaň. Dynç alyň we gündelik jogapkärçiligiňizi wagtlaýynça ýatdan çykaryň. Ýyldyzlar hutlara özleriniň söýgüli pikirlerini durmuşa geçirmäge kömek edip bilerler.

Ykbalyň bagt ýyldyzy hemmelere miýesser etsin!

Ja­ny­ňyz sag, iş­le­ri­ňiz ug­ru­na bol­sun!

26-njy dekabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

 

Ýene-de okaň

26-njy noýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

24-nji noýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

23-nji noýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Teswirle