JEMGYÝETSENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

Hepdelik täleýnama (26-aprel, 2-maý)

2021-nji ýylyň 26-njy apreli we 2-nji maýy aralygynda hepdelik täleýnamanyň synlary. Bu hepde hamal, sowur, jöwza, seretan, eset, sünbüle, mizan, akrap, kowus, jedi, daluw, hut ýyldyzy astynda doglanlara nämeler garaşýar?!

Hamal (guzy 21.03-20.04)

Hamallaryň bu hepdäniň dowamynda ähli işleri üstünliklere beslener. Şeýle amatly mümkinçilikden peýdalanyň. Bu hepde öňden besläp gelýän arzuwlaryňyzy, işde uly taslamalary durmuşa geçirmeklik, maşgalaňyzyň, söýýän adamlaryňyzyň üns merkezinde bolmaklyk maslahat berilýär. Bu hepdede hüşgär hem bolmagyňyz gerek.

Sowur (öküzçe 21.04-20.05)

Bu hepde sowur ýyldyzynyň astynda doglanlar üçin biraz akyl hem el zähmetiniň artýan döwri bolar. Tereziniň bir gapdalynda söýgi we agzybirlik, beýlekisinde wezipe, iş aladalary bolar. Munuň bolsa, siziň durmuşyňyzda ownuk-uşak meseleleri ýüze çykarmagy mümkin. Siz olara üns bermäň. Maşgala we iş meselesinde «Ýedi ölçäp bir kesmek» maslahat berilýär.

Jöwza (ekizekler 21.05-21.06)

Ýyldyzlar hepdäniň başynda aljyraňňy ýagdaýa düşmezligiňizi maslahat berýärler. Içki ýürek joşgunyňyz näçe pes bolsa, özüňizi duýşuňyz şonça gowy bolar. Bu ýyldyzyň astynda doglanlara söýgi babatda garaşylmadyk sowgatlar, käbir jöwzalara bolsa ykballaryny birikdirmek üçin täsirli duşuşyklar garaşýar.

Seretan (leňňeç 22.06-22.07)

Bu hepde maliýe ýagdaýlaryňyz üçin karara gelmek siziň üçin amatly bolar. Pul meselesinde örän inçelik bilen pikir ýöredip, ony tygşytly saklamagyňyz, alyp barýan işiňizde başarjaňlygyňyz we gazanan üstünlikleriňiz sizi şowlulyga elter. Hepdäniň ahyryndaky dynç alyş günleri bolsa öý goşlaryny we beýleki harytlary satyn almaga örän amatlydyr.

Eset (ýolbars 23.07-23.08)

Häzirki wagtda ýetýän ähli üstünlikleriňiz siziň işjeňligiňiz bilen gönümel bagly bolup durýar. Şonuň üçin hereket ediň. Maksadyňyza ýetmek üçin ýalňyşmakdan, töwekgellik etmekden gorkmaň. Maksa­dy­ňy­za ynam­ly bo­luň. Özü­ňi­zi hem­me­ta­rap­la­ýyn — iş­de, söý­gü­de görkezmek üçin amatly pursatlar bolar. Söýgi babatda duýgularyňyzy açyk-aýdyň aýan etmek maslahat berilýär.

Sünbüle (gyz 24.08-23.09)

Arzuwlaryňyz üçin hereket ediň. Bu hepde hiç zady meýilleşdirmäň, çünki size bagly bolmadyk ýagdaýda olaryň tiz-tizden üýtgemegi mümkin. Size bu hepdede şahsy we iş boýunça saparlar garaşýar. Şonuň bilen birlikde, dynç almagy hem unutmaň. Özüňize we saglygyňyza seretmek işleriňizde şähdaçyklyk we rahatlyk berer.

Mizan (terezi 24.09-23.10)

Bu hepdede iş, wezipe babatynda mizanlaryňky ugruna bolar. Olara möhüm ähmiýetli taslamalar hödür ediler. Bu bolsa mizanlaryň jogapkärçiligini has-da artdyrar. Olar adamlara ynanmagy başarmalydyrlar. Kähalatda çala tanaýan adamlaryňyzyň hem maslahatlaryna eýerseňiz, utuşda bolarsyňyz. Soňlugy bilen olar size mynasyp hyzmatdaş bolup bilerler.

Akrap (içýan 24.10-22.11)

Akraplaryň ähli zady bir gyra süýşürip, asuda bir ýerlere gidesi geler. Öňden galan işleriňizi dowam ediň. Esasan hem, işiňiz söwda-satyk bilen bagly bolar. Akraplar wagtlaryny dünýägaraýyşlaryny giňeltmäge, ruhy ýagdaýlaryny sazlamaga sarp etmelidirler. Olary gorag astyna alýan ýyldyzlaryň kömegi bilen akraplaryň maşgalasynda agzybirlik, rysgal-bereket, asudalyk höküm sürer. Puluňyzy aýawly saklaň, geljek üçin maksatnamalary düzüň.

Kowus (keman 23.11-21.12)

Ýakyn günlerde kowuslaryň ümzügi öňe bolup, olar täze gözýetimleri boýun egdirmegiň ugrunda bolarlar. Bu hepde kowuslar rahatlygy unudarlar, ýakyn adamlarynyň hem olara düşünmekleri gerek. Geljek hepde kowuslar täze pikirlere aşa berlip, dynç almagy hem unudarlar. Bu hepde kowuslary söýgi ýyldyzy goldaýar. Şonuň üçin olaryň maşgala ojaklarynda söýgi, agzybirlik ýaly mähirli gatnaşyklar dowam eder.

Jedi (owlak 22.12-20.01)

Bu hepdäni jediler aram ýagdaýda geçirerler. Bu belgide doglanlar ýadawlyk duýmaz ýaly, dynç almak hakynda pikirlenmelidirler. Emma ýagdaýlar muňa ýol bermez. Tizara jedileriň hünär, iş meselelerinde, şahsy durmuşlarynda ykbal öwrülişikli wakalaryň bolmagy mümkin. Bu hepde olaryň dost-ýarlary, garyndaşlary, şeýle hem maşgala agzalary bilen gatnaşyklary sazlaşykly gider.

Daluw (gowa 21.01-20.02)

Bu hepdede başarjaň daluwlaryň arzuwlary hasyl bolup, olaryň pikirleri köpçülik tarapyndan goldanar. Olaryň girdejili iş tapynmaklary mümkin. Daluwlara maşgalasyna has ünsli bolmak maslahat berilýär. Olar bilen gezelençlere, sergilere gitmek, şäherýaka dynç alyş meýdançalaryna seýil etmek peýdaly bolar, gezelençler daluwlaryň göwünlerini galkyndyrar.

Hut (balyk 21.02-20.03)

Hut ýyldyzynyň astynda doglan adamlar bu hepdede sabyrly bolup, başyny başlajak işlerine örän jogapkärli çemeleşmelidirler. Öňümizdäki hepde olara töwekgellik etmän, pul bilen baglanyşykly işlerini hem biraz soňa goýmak maslahat berilýär. Ýaş hutlara bolsa geljekde isleg bildirýän hünärleri boýunça irginsiz ylym-bilim almak maslahat berilýär. Hepdäniň ahyry olar üçin göwün beren ýarlaryna ýüregini açmaga şowly pursatdyr.

Ykbalyň bagt ýyldyzy hemmelere miýesser etsin!

Ja­ny­ňyz sag, iş­le­ri­ňiz ug­ru­na bol­sun!

 

“Bawariýa” täze tälimçi geler

 

 

 

Ýene-de okaň

18-nji Maý ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow baýramçylyk çärelerine gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda “Türkmen-hytaý zenanlarynyň dünýäsi” atly forum geçirildi

Ata Watan Eserleri

«Magtymguly» atly kitap çapdan çykdy

Türkmenistanyň Prezidenti Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

17-nji Maý ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama