TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Hazar deňzinden Aşgabada suw bermek mümkinçiligine serediler

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradow bilen sanly ulgam arkaly maslahat geçirdi. Onda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň geçirilişi baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de birnäçe çözgütler kabul edildi.

Soňra döwlet Baştutanymyz 11-nji iýunda Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň geçiriljekdigini aýdyp, biziň sebitimizde suw bilen bagly kynçylykly ýagdaýlary göz öňünde tutup, wise-premýer A.Ýazmyradowa degişli tabşyryklary berdi.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz, birinjiden, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň ýolbaşçylygynda Hökümet toparyny döretmek baradaky Kararyň taslamasyny taýýarlamagy, bu toparyň düzümine Ýokary gözegçilik edarasynyň, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, ylmy institutlaryň, welaýatlaryň häkimlikleriniň hem-de beýleki edaralaryň ýolbaşçylaryny goşmagy tabşyrdy.

Ikinjiden, Amyderýadan we Garagum derýasyndan başlap, derýalaryň hanasynda barlaglary geçirmegiň, suwuň akymynyň geçmezliginiň sebäplerini anyklamagyň, kemçilikleri düzetmek boýunça çäreleriň meýilnamasyny düzmegiň we olary amala aşyrmaga gyssagly girişilmeginiň zerurdygyny nygtady. Şunuň bilen birlikde, tehnikalary, läbik sorujylary, suw sorujylary, olaryň ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak üçin zerur serişdeleri bölüp bermek barada teklipleri taýýarlamak tabşyryldy.

Üçünjiden, derýalar bilen birlikde, esasy suw akabalarynda hem barlaglar geçirilmelidir. Olary arassalamak, betonlamak boýunça çäreleriň meýilnamasyny düzmeli we bu meýilnamany amala aşyrmaga girişmeli diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy.

Dördünjiden, suw süýjediji desgalaryň gurluşyk işlerine başlamak hem-de Hazar deňzinden Aşgabada suw bermek boýunça mümkinçiliklere seredilmelidir.

Bäşinjiden, döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň her mejlisinde işleriň alnyp barlyşy barada hasabat bermegi wise-premýere tabşyrdy.

 

Türkmen ýüpekçileriniň zähmet ýeňşi

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň ýolbaşçylaryny gutlady

Nebitgaz pudagynda türkmen-koreý hyzmatdaşlygy

Azerbaýjanyň Prezidenti türkmen wekiliýetini kabul etdi

Teswirle