SPORT

Hawiniň tälimçi hökmünde ilkinji çempionlygy

Ispaniýanyň “Barselona” toparynda 8  gezek çempion bolan ispaniýaly ýarymgoragçy Hawi Hernandes, özüniň futbol ýoluny Katar döwletinde dowam etdirdi. Häzirki wagtda ol Katar döwletiniň “Al Sadd” futbol toparyna tälim berýär. “Al-Sadd” toparynyň resmi “Twitter” sahypasynda habar berşi ýaly, topar Katar futbol çempionaty tamamlanmaka dört tapgyr öň çempionlygy yglan edipdir. Tälimçi Hawiniň tälimçilik karýerasyndaky milli çempionatynda ilkinji ýeňişi bolupdyr. Mundan başga-da Hawi “Al-Sadd” toparynyň ýolbaşçylygynda iki gezek Kataryň şazadasynyň kubogyny, Ýassim Şeýhiň kubogyny, Kataryň ýyldyzlar kubogyny we Katar Emiriniň kubogyny gazanmagy başarypdyr. “Al Sadd” topary bolsa taryhynda 15 gezek çempionatyň kubogyny gazanypdyr. 41 ýaşly Hawi 2019-njy ýyldan “Al Sadd” topary tälim berip gelýär.

“Futbolçy hökmünde ýeňiş gazananymdan soňra, “Al-Sadd” topary bilen tälimçi hökmünde ilkinji gezek çempionatda ýeňiş gazanýaryn. Biziň maksadymyz, gatnaşan ähli ýaryşlarymyzda ýeňmekdi. Möwsümiň dowamynda ähli güýji bilen topara goldaw beren toparyň janköýerlerine minnetdarlygymyzy bildirýäris. Olary begendirmek we topary has köp çempion etmek üçin işlemegi dowam etdirmegi wada berýäris” diýip, Hawi öz ýürek buýsançlaryny beýan etdi.

 

Türkmen gelin-gyzlaryň saýty hereket edip başlady:Turkmengazet.com

 

 

Ýene-de okaň

“Real Madrid” – iň gymmat topar

Ronaldo täze rekordyna barýar

Ata Watan Eserleri

1 ýyldan soňra tälimçilikden boşadyldy

“Mançester Siti” yzly-yzyna 4-nji, umumylykda 10-njy çempionlygyny gazandy

Fil Foden Angliýada “ýylyň futbolçysy” boldy

Ata Watan Eserleri

Er-Riýaddaky ýylyň boks tutluşygy: Usik Fýurini ýeňdi