BILIM

Harby institut okuwa çagyrýar

“Türkmenistan” gazetinde Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutyna 2020-2021-nji okuw ýylynda okuwa kabul etmegiň tertibi çap edilipdir.

Şoňa laýyklykda,

  1. Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutyna Watana, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna wepaly, sagdyn pikirli, arassa ahlak sypatly, beden taýdan sagdyn, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärlerine bildirilýän aýratyn talaplara laýyk gelýän we Harby institutda okamaga isleg bildiren, umumy orta bilimli, aşakda görkezilen ýaş derejelerine gabat gelýän Türkmenistanyň raýatlary, giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda okuwa kabul edilýär:

1) orta bilimli, çagyryş boýunça harby gullugy geçen, harby gulluga meýletin girmäge isleg bildiren, ýaşy 24-den geçmedik erkek raýatlar;

2) Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby mekdeplerini tamamlan, ýaşy 25-den geçmedik erkek raýatlar;

3) harby gulluk ýa-da harby ýygnanyşyklar döwründe harby gulluk borçlaryny ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly aradan çykanyň ogullary (süýtdeş doganlary), harby gullukdan boşadylyp ätiýaçlykda bolan, ýaşy 24-den geçmedik erkek raýatlar;

4) harby gullugy ýa-da harby ýygnanyşyklary geçen döwründe özleriniň harby gullugy geçmekleri bilen baglanyşykly maýyp bolanyň ýa-da ýaralanyp, synasyna şikes ýetip, seňse bolup kesele ýolukmagy netijesinde harby gullukdan boşan (harby ýygnanyşyklar tamamlanan) gününden soň bir ýylyň dowamynda aradan çykanyň ogullary (süýtdeş doganlary), harby gullukdan boşadylyp ätiýaçlykda bolan, ýaşy 24-den geçmedik erkek raýatlar;

5) borçnama boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylar, ýaşy 24-den geçmedik erkek raýatlar.

Dalaşgärleriň ýaş derejesi 2020-nji ýylyň 1-nji sentýabryna çenli hasaplanylýar.

Harby institutda okuwyň möhleti 5 okuw ýyly.

  1. Harby institutda okamaga isleg bildiren dalaşgärler ýaşaýan ýerleri boýunça ýerli harby wekilleriň adyna 2021-nji ýylyň 1-nji maýyna çenli arza tabşyrmaly.

Dalaşgärleriň arzasynyň ýanyna şu resminamalar goşulýar:

1) ata-enesiniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň, oglunyň harby gullukçy bolmagyna we Türkmenistanyň islendik çäginde gulluk etmäge razylygy baradaky dilhaty (eger ata-enesi we olaryň ornuny tutýan adamlar Türkmenistanyň çäginde wagtlaýyn bolmadyk ýagdaýynda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň ýerli edaralary tarapyndan berlen maglumat haty);

2) Türkmenistanyň raýatynyň pasportynyň nusgasy (eger-de dalaşgär raýatlyk pasportyny almadyk bolsa, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň degişli bölüminden pasportyň resmileşdirilmändigi barada kepilnama);

3) Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistanda gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportunyň nusgasy;

4) bellenen nusgada doldurylan we harby wekillik ýa-da harby bölüm tarapyndan tassyklanan sowalnama we terjimehal, hünärmen saýlawynyň kartasy;

5) harby şahadatnamasynyň nusgasy;

6) dogluş hakynda şahadatnamasynyň, nika baglaşylandygy hakynda şahadatnamanyň, eger-de nikasy bozulan bolsa, nika bozulandygy hakynda şahadatnamanyň tassyklanan nusgasy;

7) Harby institutda okamaga ýaramlylygyna kepil geçýän lukmançylyk kartasy (ýazgyda duran ýeri boýunça deri wenerologiki, inçekesel hassahanalaryndan hem-de neşekeşlik, arakhorlyk we ruhy keseliniň öňüni alyş merkezlerinden kepilnama);

8) iň soňky okan, işlän we gulluk eden ýerinden häsiýetnama;

9) maşgala ýagdaýy barada kepilnama;

10) ene-atasynyň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň iş ýerinden kepilnama (eger ene-atasynyň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň işlemeýän bolsalar, işlemeýändigi barada degişli etraplaryň, etrap hukukly şäherleriň harby wekilleleriň adyna ýazylan dilhatlary);

11) zähmet depderçesiniň tassyklana nusgasy;

12) bilim hakyndaky resminama (şahadatnamanyň, diplomyň tassyklanan nusgasy, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby mekdebini tamamlan dalaşgärleriniň bilim hakyndaky resminamalarynyň asyl nusgasy);

13) harby wekillikde ýa-da harby bölümde geçirilen ilkinji synaglaryň bahalandyryş sanawnamasyndan göçürme;

14) harby wekilligiň ýa-da harby bölümiň synag toparynyň beýan ýazgysy;

15) özüniň we ýakyn garyndaşlarynyň (16 ýaşdan ululara) jenaýat jogapkärçiligine çekilendigi ýa-da çekilmändigi hakynda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Maglumatlar merkezinden talapnama;

16) 1 sany 9х12 ölçegde, 4 sany 4х6 ölçegde, 10 sany 3х4 ölçegde harby wekillik hem-de harby bölüm tarapyndan tassyklanan fotosurat;

17) eger dalaşgäriň ýakyn garyndaşlary aradan çykan bolsa, onda ölüm hakyndaky şahadatnamasynyň ýa-da ene-atasynyň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň nikasy bozulan bolsa nika bozulandygy hakynda şahadtnamanyň tassyklanan nusgasy.

  1. Harby institutda okamaga isleg bildiren dalaşgärler bilen Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy dersleri boýunça giriş synaglary hem-de beden taýýarlygy (kadalary ýerine ýetirmek) boýunça goşmaça şertler kabul edilýär. Dersler boýunça giriş synaglary döwlet dilinde kabul edilýär.
  2. Dalaşgärler giriş synaglarynyň netijesi boýunça, bäsleşik esasynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň synag toparynyň çözgüdine laýyklykda, okuwa kabul edilýärler.
  3. Giriş synagyny tabşyryp, Harby instituta okuwa kabul edilenler umumy ýaşaýyş jaýy (ýatakhana), harby eginbaşlary we okuw serişdeleri bilen üpjün edilýärler. Olara günde üç wagtyna nahar berilýär hem-de Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde we möçberde talyp haklary tölenýär.

Kabul ediş topary.

Suratyň çeşmesi: “milligosun.gov.tm”

 

Wideo Habarlar Sahypamyz

Saýtymyzyň wideo habarlar sahypasy –geljekde iň işjeň sahypalaryň biri bolsa gerek. Häzirki döwürde bu sahypamyza birnäçe wideo rolik ýerleşdirilendir.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda Çagalary goramagyň halkara güni giňden belleniler

Çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlyk görülýär

Ylymlar gününde geçiriljek çäreler

Ýaponiýa talyp hakly okuw maksatnamalaryna çagyrýar

Türkmen wekiliýeti “THE Aziýa baýragy- 2024” sammitine gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

ÝB Türkmenbaşy şäherinde energiýany iň köp tygşytlaýan mekdebi sylaglady