TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
PEÝDALY MASLAHAT

Hamyry ýeralmaly konditer bulkasy

Gerekli önümler:

4 bulgur (800ml) suw

1 bulgur (200ml) ýyly süýt

Ýarym bulgur eredilen margarin ýada arassa ýag

1.5 çaý çemçesi duz

1 orta boýda ýeralma(gyrgyçda geçirilen)

1 ýumurtga

1 sany pakmaýa hamyrmaýasy

Peýnir

Taýýarlanyşy:

Ilki bilen unumyzy bir tabaga alyp, hamyrmaýa bilen garyşdyrmaly. Soňra süýt, ýag, ýumurtganyň agyny, gyrgyçdan geçirilen ýeralmany, duzy goşmaly. Ýumşak ýelmeşýän yzygiderlilik bolar ýaly suwy haýal goşalyň. Ýumşak, azajyk ýelmeşýän hamyry 5 minut töweregi ýugurmaly. Soňra 30-45 minutlap hamyrymyz demini almaly.

Maýalanan hamyrymyz soňunda has ele ýelmeşýän hamyr bolan bolsa, üstüne unjagaz sepip, ýaýmaga başlamaly. Ýaýan hamyrymyzyň içini peýnir bilen dolduruň. Ýasan bulkalarymyz taba ýerleşdirip, üstüne ýumurtganyň sarysyny çalmaly we howurpeçi 180 gradusda goýup üsti gyzarýança bişirmeli. Bulka görnüşindäki tagamymyz 20 minutda bişer.

Gursagy gülküli Sary Garry

Ýene-de okaň

Aşgabat şäheri boýunça awtoulaglary resmileşdirmek üçin nokatlaryň ýerleşýän salgylary

Ata Watan Eserleri

Sürüjilik şahadatnamasyny çalyşmaklyk üçin gerekli resminamalaryň sanawy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň raýatlaryna pasport resmileşdirmek üçin talap edilýän resminamalar

Ata Watan Eserleri

Teswirle