TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
PEÝDALY MASLAHAT

Hamyrmaýasyz gözleme

Gerekli önümler:

Hamyry üçin:

2 bulgur suw

3 nahar çemçesi ýag

1 çaý çemçesi duz

3.5 bulgur un

Içi üçin:

300 gram ysmanak

1 sany sogan

1 käse peýnir

1 çaý çemçesi gara burç

1 çaý çemçesi duz

2-3 nahar çemçesi zeýtun ýagy

Taýýarlanyşy:

Geliň, ilki bilen ysmanagy öňünden ýuwup, keseliň we gowy guradalyň.

Soňra, bir sogany inçejik kesip, peýnir we ysly zatlary goşalyň we ýeňil ýugrulan ýaly ellerimiz bilen garyşdyralyň. Hamyryny taýynlalyň. Geliň, suwy, zeýtun ýagyny, duzy garyşdyrylan gaba alyp, uny az-azdan goşup, ele ýapyşmaýan hamyry ýugralyň.

Hamyry mandariniň ululygy ýaly 13 deň bölege bölýäris. Her bölege un goşup, hyzmat ediş plastinkasynyň ululygynda ýaýalyň. Ysmanakdan üç çemçe üstüne goýalyň we barmaklarymyzyň ujy bilen ýapyşdyralyň. Taýynlan ysmanakly gözlemelerimizi gyzgyn taba ýerleşdirip hiç hili ýag çalman orta otda bişirmäne goýalyň. Bişen naharymyzyň gyzgynlygyna üstüne mesge çalyp, hyzmat etmäge taýynlamaly. Işdäňiz açyk bolsun!

Türkiýede “Ak şäherim Aşgabat” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

Ýene-de okaň

Aşgabat şäheri boýunça awtoulaglary resmileşdirmek üçin nokatlaryň ýerleşýän salgylary

Ata Watan Eserleri

Sürüjilik şahadatnamasyny çalyşmaklyk üçin gerekli resminamalaryň sanawy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň raýatlaryna pasport resmileşdirmek üçin talap edilýän resminamalar

Ata Watan Eserleri

Teswirle