SIZDEN GELENLER

Halyçylyk sungaty — kämilleşýän sungat

Halyçylyk sungaty uzak heňňamlarda timarlanyp, gitdigiçe owadanlanyp, türkmeni dünýä ýüzüne tanadyp gelen milli guwanjymyzdyr, halkyň ýüzüniň tuwagydyr.

Halkymyzyň döreden we sünnäläp biziň günlerimize ýetiren gadymy we naýbaşy gymmatlyklarynyň biri hem türkmen halysydyr. Türkmen halysy diňe bir senetçilik önümi bolman, eýsem, ol nepis sungatdyr. Gözelligi babatda deňsiz-taýsyz hasaplanýan, umumadamzat medeniýetiniň genji-hazynasynda mynasyp orun tutýan halylarymyz türkmeniň dünýä beren naýbaşy gymmatlygydyr. Halyçylyk sungaty – inçe, nepis sungat bolmak bilen ol ene-mamalarymyzyň haly dokamakdaky baý tejribesini özünde jemleýär. Türkmen halysy halkymyzyň çeperçilik ukybynyň kämil önümidir.

Türkmen halylary hakynda ilkinji ýazuw çeşmeleri XIII asyrda Gündogar Ýewropa, Aziýa syýahat eden Italýan syýahatçysy Marko Polo degişli hasaplanýar. Marko Polo Türkmen halylary hakynda şeýle sözleri aýdýar: “Dünýäde iň inçe we owadan” halylar Türkmen halylarydygyny belläp geçýär. Türkmen halkynyň haly dokamagy sungat derejesine çykaryp, dünýäde ykrar edilmegini gazanandygy Türkmen zenanlarynyň güllerden görkli Türkmen halylaryny özleriniň mähiri, söýgüsi, arzuw,yhlaslaryny siňdirip dokandygyny subut edýär.

Hormatly Prezidentimiziň “Paýhas çeşmesi” kitabynda Türkmen halylary hakynda hem şeýle nakyllar ulanylýar:

“At-ýigidiň diregi, haly-gyzyň ýüregi”.

“Haly ýüwürdip, kilim kesme”.

2019-njy ýyl türkmen halkynyň maddy däl medeni mirasyny öwrenmegiň çäginde hem iň bir rowaç ýyllaryň biri boldy. Bu ýyl halkymyzyň serweri “Türkmen milli halyçylyk sungaty” ÝUNESKO-nyň “Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna” girizildi.

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan watanymyzyň döwlet nyşanlarynyň aýrylmaz bölegine öwrülen haly gölleri, halkymyzyň agzybirligini,jebisligini, halkymyzyň milliligine mahsus bolan parasatlylygyny alamatlandyrýar. Meşhur haly gölleriniň nagyşlary gülläp ösýän Türkmenistan watanymyzyň özboluşly keşbine öwrüldi.

Gahryman Arkadagymyzyň 2011-nji ýylda türkmen halysy babatda neşir edilen «Janly rowaýat» atly kitaby, şeýle hem milli Liderimiziň 2016-njy ýylda neşir edilen «Arşyň nepisligi» atly ýene bir kitaby türkmen halysynyň dünýäsine giňden aralaşmaga giň mümkinçilik berdi. Bu ajaýyp eserler daşary ýurtlylar üçin hem türkmeniň gadymy halyçylyk sungaty barada maglumat almak üçin uly gollanma bolup durýar.

«Janly rowaýat» kitabynda türkmen halyçylarynyň döreden täsin ägirt halylaryna we ikitaraplaýyn halylara aýratyn orun berilýär. Mysal üçin, meýdany 301 inedördül metre deň bolan «Altyn asyr» halysy dünýäde el bilen dokalan iň uly haly hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Bu halynyň her inedördül metrinde 304 müň çitim bardyr.

Aşgabatdaky Türkmen halysynyň milli muzeýi ruhy we maddy medeniýetiň ojagy, ýüzlerçe gymmat bahaly haly eserleriniň hazynasy bolup durýar. Bu ýere ýurdumyzyň dürli künjeklerinden getirilen çeperçilik gymmaty we tehniki taýdan taýýarlanyşy boýunça örän seýrek tapylýan baý gymmatlyklar toplumy ýygnalandyr.

Umuman, milli Liderimiziň taýsyz tagallary bilen, halyçylyk sungaty ösdürilýär, gelin-gyzlarymyzyň ezber çeken halal zähmetine mynasyp baha berilýär hem-de täzeçillik öwüşgünleri girizilip, halyçylyk sungaty yzygiderli dowam etdirilýär. Şeýle hem, bu milli halyçylyk sungatynyň geljekki nesillere dowamat-dowam bolmagy üçin, halyçylyk ugrundan ýörite okuwlar okadylýar, täze döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylan binalar gurulýar.

Nabat Annaöwezowa, 

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň

Taryh fakultetiniň Taryh hünäriniň talyby.

Ýene-de okaň

Innowasiýa, intellekt we psihologiýa – bilimiň artykmaçlary

Diller — halkara aragatnaşygyň guraly

Türkmenistan-BMG: hoşniýetli hyzmatdaşlygyň aýdyň beýany

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda hytaý dilini okatmak — halkara hyzmatdaşlygyň täze ugry

Daşary ýurt dillerini okatmak – zamanabap bilim ulgamynyň möhüm ugry

OGT forumy – nebitgaz pudagynyň hyzmatdaşlyk meýdançasy