TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Halkara zenanlar gününe bagyşlanan dabaralar

Ýurdumyzda ajaýyp bahar baýramy — Halkara zenanlar güni asylly dessurlara laýyklykda geçirilýär we döwletimiziň zenanlara bolan üns-aladasynyň aýdyň nyşany bolup durýar.

Häzirki wagtda ýurdumyzda 8-nji mart – Halkara zenanlar baýramy giň gerimde gutlanylýar. Bu baýramçylyk mynasybetli geçirilýän dabaraly çäreleriň hatarynda paýtagtymyz Aşgabatda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça “Bagtyýarlyk baharynyň şekillendiriş sungatyndaky waspy” atly halkara maslahat we sergi geçirilýär.

Sergide görkezilýän gymmatlyklarda zenanlara söýgi we hormat äşgär duýulýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň dörediji zenanlary, milli ruhy-ahlak gymmatlyklaryny goraýjylar bolan zähmetsöýer gelin-gyzlar, olaryň duýgy dünýäsi köp asyrlaryň dowamynda medeniýet işgärlerini täze döredijilik gözleglerine ruhlandyrypdyr.

Hormatly Prezidentimiziň yzygiderli tagallasy netijesinde, ýurdumyzyň zenanlarynyň we ösüp gelýän ýaş nesilleriň döwrebap bilim almagy, sazlaşykly ösüşi, şol sanda hünär almagy we bagtyýar durmuşy üçin ähli zerur şertler döredilýär.

Diýarymyzyň gelin-gyzlary döwlet we jemgyýetçilik işlerine işjeň gatnaşýarlar. Olar döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynda, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda deň derejede zähmet çekýärler, telekeçilik we jemgyýetçilik işlerini alyp barýarlar. Ýurdumyzyň zenanlary hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça durmuşa geçirilýän özgertmelere mynasyp goşant goşýarlar.

Sanjar Guldurdyýew, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetinin talyby.

 

 

Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň işleri giňeldilýär

Ýene-de okaň

Bitaraplyk- bagtymyz

Ata Watan Eserleri

Radiožurnalistler bilen duşuşyk

Türkmenistan-Koreýa Respublikasy: döwletara gatnaşyklarynyň täze ugry

Teswirle