TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
MEDENIÝET

Halkara zenanlar güni mynasybetli dabaralar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk dabaralaryny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

1-2-nji martda Söwda-senagat edarasynda “Bagtyýarlyk baharynyň şekillendiriş sungatyndaky waspy” atly halkara maslahaty we sergini geçirmek boýunça guramaçylyk işleri alnyp barylýar. Bu halkara foruma ýurdumyzyň döredijilik işgärleri bilen bir hatarda daşary ýurtlaryň hem meşhur suratkeşleriniň, döredijilik intelligensiýasynyň wekilleriniň sanly ulgam arkaly gatnaşmagy göz öňünde tutulýar.

Baýramçylygyň öňýanyndaky günlerde dürli dabaralary geçirmek meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda mährem enelere we gelin-gyzlara tüýs ýürekden hormatyň nyşanyna öwrülen ajaýyp bahar baýramynyň ähmiýetini nygtady. Milli Liderimiz ata-babalarymyzyň zenanlara hemişe uly hormat-sarpa goýandygyny belledi. Olar mukaddeslik hökmünde mähriban enelere, wepaly ýanýoldaşlara, söýgüli uýalarymyza uly sarpa goýupdyrlar we bu ajaýyp däbi öz nesillerine geçiripdirler.

Bu gün Türkmenistanda zenanlaryň erkin we bagtyýar durmuşda ýaşamagy, netijeli zähmet çekmegi, hemmetaraplaýyn bilimli bolmagy, göwün islän hünäri bilen meşgullanmagy hem-de hakyky watançylaryň neslini terbiýelemegi üçin ähli şertler döredildi. Döwlet Baştutanymyz zenanlarymyzyň tutanýerli zähmet çekip, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmelere saldamly goşant goşýandyklaryny belledi.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz döwletimiziň ýurdumyzda uly hormat-sarpadan peýdalanýan zenanlar barada hemişe alada etjekdigini, olaryň bagtly bolmagy üçin ähli şertleri döretjekdigini, zähmetini we hukuklaryny hemmetaraplaýyn gorajakdygyny nygtady.

Milli Liderimiz baýramçylyk çäreleriniň ählisini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegiň, olara ýaşlaryň gatnaşmagyny üpjün etmek meselesine aýratyn üns bermegiň wajypdygyny aýdyp, wise-premýere bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

 

Türkmenistanyň täze daşary syýasat Konsepsiýasy taýýarlanar

Ýene-de okaň

Edebiýat boýunça Nobel baýragynyň eýesi belli boldy

Döwlet baýraklarynyň eýelerine söz berýäris

“Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda” atly halkara festiwaly geçiriler

Ata Watan Eserleri

Teswirle