DÜNÝÄ

Halkara resminamalaryň 16-syna gol çekildi

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy ýörelgesini amala aşyrmak maksady bilen, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, abraýly sebit we halkara guramalaryň ugry boýunça netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda degişli işler geçirildi. Bu barada Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly mejlisinde bellenilip geçildi.

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen oňyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda ýokary derejeli gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berilýär. 1-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda döwletara gatnaşyklaryň ileri tutulýan meseleleri we mundan beýläk özara hereket etmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem ýanwar aýynda Türkmenistanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentleriniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygynyň geçirilendigi bellenildi. Iki ýurduň Liderleri teleköpri arkaly ulag, elektroenergetika we aragatnaşyk ulgamlarynyň iri desgalarynyň birnäçesiniň açylyş dabaralaryna gatnaşdylar. Şol taslamalar türkmen tarapynyň başlangyjy boýunça amala aşyryldy.

Mundan başga-da, ýanwar aýynda Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentleriniň onlaýn görnüşde duşuşygy geçirilip, onuň dowamynda iki döwletiň Liderleri Hazar deňzindäki “Dostluk” ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda özara düşünişmek hakyndaky hökümetara Ähtnama gol çekmek dabarasyna gatnaşdylar.

Häzirki wagtda milli Liderimiziň daşary ýurtlaryň ýolbaşçylary bilen duşuşygyny guramak boýunça degişli işler dowam edýär.

Hasabat döwründe onlaýn görnüşde dürli derejedäki duşuşyklaryň 264-si geçirildi. Türkmenistanyň halkara gatnaşyklaryň hukuk binýadyny pugtalandyrmak maksady bilen, ýylyň ilkinji iki aýynda resminamalaryň 16-syna gol çekildi.

DIM-niň ugry boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklara yzygiderlilik häsiýeti mahsusdyr.

Türkmenistanyň daşary ykdysady aragatnaşyklaryny ösdürmek boýunça yzygiderli çäreler görülýär. Hasabat döwründe Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-belarus toparynyň hem-de Senagat boýunça türkmen-pakistan bilelikdäki iş toparynyň çäklerinde nobatdaky duşuşyklar geçirildi. Şeýle hem birnäçe ýurtlaryň işewür toparlarynyň wekilleri bilen gepleşikler geçirildi.

 

Türkiýäniň daşary işler ministri Türkmenistanda

 

 

Ýene-de okaň

Tbiliside Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan surat sergisi açyldy

Türkmen telekeçileri Daşkentde geçiriljek halkara sergä çagyrylýar

«Merkezi Aziýa+Ýaponiýa» Dialogynyň sammitine taýýarlyk görülýär

Kamala Harris: alymlaryň maşgalasynda dünýä inen hukukçy

Kamala Harris dalaşgärlige has ýakyn

Türkmenistanyň wekiliýeti ÝUNESKO-nyň Bütindünýä miras komitetiniň 46-njy mejlisine gatnaşýar