TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Halkara maýa goýumlary we olaryň ähmiýeti

Eziz ýurdumyzyň ähli ugurlarynda il-ýurt bähbitli uly özgertmeler amala aşyrylýar. Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet adam üçindir!” diýen parasatly hem-de öňdengörüjilikli ýörelgesi esasynda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejeleri has-da belende göterilýär.

Häzirki wagtda Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň maýa goýum syýasatynda we onuň düzüm bölegi bolup durýan daşary ýurt maýa goýum işinde düýpli özgerişlikler amala aşyrylýar. Munuň şeýledigini diňe bir daşary ýurtlardan çekilýän maýa goýumlaryň mukdar taýdan köpelmegi bilen däl, eýsem hil taýdan täze derejä çykarylmagy bilen düşündirilýär.

Ýurdumyzyň ykdysadyýetine daşary ýurtlardan çekilýän maýa goýumlaryň işjeňlik derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen halkara talaplaryna laýyk gelýän kanunyň kabul edilmegi we ykdysady amatlyklaryň döredilmegi bu işiň ilerlemegine badalga berýär.

Biziň ýurdumyzda 2008-nji ýylyň mart aýynda “Daşary ýurt maýa goýumlary hakynda” Türkmenistanyň Kanuny (täze redaksiýasy) kabul edildi. Bu kanun daşary ýurt maýa goýujylara diňe bir hukuk mehanizmini däl, eýsem ykdysady mehanizmi-de döredýär, munuň özi olara Türkmenistanda durmuşa geçirilýän geljegi uly bolan hem-de uzak möhletli maýa goýum taslamalaryna gatnaşmakdan aljak hakyky peýdasyna mynasyp baha bermäge mümkinçilik berýär. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan başy başlanan giň möçberli milli maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi köp derejede maýa goýum işiniň ösmegine baglydyr.

Daşary ýurt maýa goýumlary ýurdumyzyň ykdysadyýetine esasan iki görnüşde: daşary ýurt walýutasy we gös-göni maýa goýum görnüşinde çekilýär. Biziň döwletimizde daşary ýurtlardan gös-göni maýa goýum çekmeklige aýratyn ähmiýet berilýär, bu bolsa öz gezeginde birnäçe durmuş-ykdysady meseleleri üstünlikli çözmäge we ýurdumyzyň kuwwatyny, şonuň ýaly hem halkara derejesindäki abraýyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.

Garaşsyz we baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde işjeň ýagdaýda alnyp barylýan daşary ýurt maýa goýum syýasatyna dünýäniň iň abraýly guramalarynyň biri bolan BMG tarapyndan ýokary baha berilýär. Häzirki wagtda Türkmenistan döwletimiz gös-göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmekde dünýä döwletleriniň hatarynda öňdäki orunlary eýeleýär.

Häzirki zaman dünýäsinde ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmakda we diwersifikasiýalaşdyrmakda, döwletiň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmakda daşary ýurt maýa goýumlarynyň orny uludyr.

Daşary ýurt maýa goýumlary – bu, daşary ýurt maýadarlary tarapyndan Türkmenistanyň çäginde telekeçilik işiniň, başga işiň obýektlerine goýulýan emlägiň we intellektual (akyl) gymmatlyklarynyň ähli görnüşlerine aýdylýar.                     

Türkmenistana daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmeklik we peýdalanmak biziň ýurdumyzyň ykdysadyýetinde uly orun eýeleýär. Bu maýa goýumlary Türkmenistanda bäsdeşlik gatnaşyklarynyň döremegine ýol açýar. Bäsdeşlik öz gezeginde ykdysady ösüşiň depginlerini çaltlandyrmaga ýardam edýän hereketlendiriji güýçdür.

Durnukly ösüş maksatlarynyň ýene biri yzygiderli, köptaraplaýyn we durnukly ykdysady ösüşi, doly we öndürijilikli iş üpjünçiligi we ähli adamlar üçin mynasyp iş orunlaryny döretmeklige ýardam etmek bilen baglanyşykly bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ähli pudaklarynda işler ýokary depginli ösüş bilen alnyp barylýar.

Halkara ähmiýetli demir ýollarynyň, gara ýollaryň, deňiz portunyň, howa menzilleriniň gurulmagy, senagatda gaýtadan işleýän pudaklaryň ýokary depginler bilen ösdürilmegi, innowasiýa häsiýetli iri kärhanalaryň gurulmagy we ulanmaga berilmegi hormatly Prezidentimiziň bu ugurda alyp barýan bimöçber işleriniň diňe bir bölegidir.

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan öňdengörüjilikli durmuş-ykdysady strategiýasy Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan yglan edilen durnukly ösüş maksatlaryna laýyklykda alnyp barylýar. Durnukly ösüş maksatlary jemgyýetiň üç nukdaýnazaryndan: ykdysady, durmuş we ekologiki jähtden ösüş ýörelgesiniň netijesinde döreýär. Ýurduň öndüriji güýçleri we şunuň bilen baglylykda önümçilik gatnaşyklary, esasan, şol ýörelgelerden ugur alnyp ösdürilýär.

Durmuş nukdaýnazaryndan durnukly ösüş maksatlary adamyň ösüşini nazara alýar we durmuş hem-de medeni ulgamlaryň durnuklylygyny saklap galmaga we ösdürmäge gönükdirilýär. Şunda, milli baýlyklary adalatly paýlamaga we ýurduň intellektual kuwwatyny döretmäge aýratyn üns berilýär.

Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň innowasion ösüşe geçmegi kabul edilen maksatnamalarda täze döwrebap, halkara standartlaryna laýyk gelýän kärhanalary gurmagy, hereket edýänleriniň düýpli durkunyň täzelenmegini göz öňünde tutýar. Bu bolsa, daşary ýurt tehnikalaryny we tehnologiýalaryny satyn almak bilen bir hatarda, ýurdumyzyň milli innowasion ulgamyny döretmegi we döwrebap bazar şertlerine laýyk gelýän derejelere çykarmagy talap edýär.

Asuda asmanyň astynda, parahat zeminiň üstünde halkymyzyň bolelin hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin taýsyz tagallalary edýän Gahryman hem Mähriban Arkadagymyzyň jany sag, başy dik, il-ýurt bähbitli, döwlet  ähmiýetli tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

 

Akgül Baýlyýewa,

S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň

 Oba hojalygynyň ykdysadyýeti kafedrasynyň mugallymy.

 

Türkmenistan-Özbegistan: täze ylalaşyklara gol çekildi

Ýene-de okaň

Bıtaraplyk- bagtymyz

Radiožurnalistler bilen duşuşyk

Türkmenistan-Koreýa Respublikasy: döwletara gatnaşyklarynyň täze ugry

Teswirle