TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BILIM

Halkara Gatnaşyklary Instituty : “Açyk Gapylar 2023”

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty “Açyk gapylar” gününi yglan edýär. “Mugalymlar gazetinde” çap edilen bildirişe görä, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty 2023-nji ýylyň 25-nji aprelinde sagat 15:00-da Aşgabat şäherindäki 37-nji, 68-nji, 72-nji, 76-njy we 21-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik mekdepleriň institutymyza okuwa girmäge isleg bildirýän gutardyş synp okuwçylaryny, 8-nji maýynda sagat 15:00-da ýurdumyzyň orta mekdepleriniň okuwçylaryny, esgerleri, önümçilikde zähmet çekýän ýaşlary we  instituta okuwa girmäge isleg bildirýän raýatlary «açyk gapylar» gününe çagyrýar. Bildirişde hususanda şeýle diýilýär :

«Açyk gapylar» gününde instituta gelen ýaşlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan işjeň daşary syýasatynyň dabaralanmagy, ýurdumyzyň daşary ykdysady gatnaşyklarynyň işjeňleşmegi, ylym-bilim ulgamyny ösdürmek baradaky özgertmeleriniň durmuşa geçirilişi, institutda öwredilýän hünärler barada maglumat berler. Şeýle hem kompýuter, internet, sinhron terjime we lingafon, interaktiw okuw otaglary, «Türkmen diplomatiýasynyň taryhy» muzeýi, okuw studiýasy, institutda hereket edýän Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi hem-de Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy-usulyýet merkezi bilen tanşyp bilerler.

Welaýatlardan okuwa girmäge isleg bildirýän dalaşgärler üçin:

Balkan welaýaty — 10.04.2023 (24.04.2023) — Ýag­şygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň şahamçasynda;

Da­şoguz welaýaty — 11.04.2023 (25.04.2023) — Türkmen oba hojalyk institutynda;

Lebap welaýaty — 12.04.2023 (26.04.2023) — Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda;

Mary welaýaty — 13.04.2023 (27.04.2023) — Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda «Açyk gapylar»
güni geçiriler.

Institutyň salgysy: Aşgabat şäheri, Galkynyş köçesiniň 25-nji jaýy.
Habarlaşmak üçin telefonlar: 22-02-63, 22-68-45.
Maglumat almak üçin institutyň web-saýty: www.iirmfa.edu.tm

 

Halkara okuw resminamalaryň terjime hyzmaty : Makul Terjime

Daşary ýurtda  bilim almak isleýän talyplaryň resminamalaryň dogry we takyk terjime edilmegi wajyp bolup durýar. Şu maksat bilen Türkiýede we dünýäniň dürli künjeginde bilim almak isleýän talyplar halkara okuw resminamalaryň terjimesi ulgamynda ýöriteleşen “Makul Hyzmat” Terjime Merkeziniň Aşgabat şäherindäki merkezlerine ýüz tutup bilerler.

“Makul Hyzmat”  Terjime Merkezi

Aşgabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni)  köçesi, A Blok,

Makul Hyzmat Ofis, 4. gat, 401

Tel: +993 63 78 96 73 / + 993 12 96 48 55

Elektron poçta salgysy: makulhyzmat@gmail.com

 

“Açyk Gapylar” möwsümi başlaýar : Ýokary okuw mekdepleri dalaşgärlere garaşýar

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Rumyniýanyň arasynda bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça resminama gol çekildi

“Soňky jaň” dabaralary geçirildi

Ata Watan Eserleri

«VILIPO-2023»: türkmen okuwçylary medally dolandylar

Teswirle