JEMGYÝET

Halkara Bitaraplyk güni: halkara maslahat geçiriler

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn düzümleriň ýolbaşçylarynyň, Aşgabat şäheriniň häkiminiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe möhüm meselelere garaldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow her ýylyň 12-nji dekabrynda bellenilýän Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli guraljak dabaralara görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Bu şanly sene mynasybetli halkara maslahat geçiriler. Ol BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy boýunça degişli Kararnamasy arkaly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylyň esasy wakalarynyň jemlenmesine öwrüler.

Häzir meýilleşdirilen halkara maslahatyň maksatnamasy işlenip taýýarlanylýar hem-de onda kabul ediljek resminamalar degişli taraplar bilen ylalaşylýar. Olar ýakyn wagtda döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlener.

Döwlet Baştutanymyz şanly sene mynasybetli geçiriljek halkara maslahatyň ähmiýetini belläp, wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna bu forumy we umuman, ähli baýramçylyk çärelerini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy.

 

Türkmenistan Epidemiologiýa boýunça sebit merkezini döretmegi teklip etdi

Ýene-de okaň

Kanadanyň Premýer-ministri 8 ýyldan soň ilkinji gezek Hytaýa barar

“Arkadag” toparynyň garşydaşy “Al-Nasr” 3 oýundan bäri ýeňilýär

Türkmenistanyň jemagat hojalyklaryna täze tehnikalar gelip gowuşdy

Türkmenistan-BMG: Parahatçylyk we Bitaraplyk uniwersitetini döretmek maslahatlaşyldy

Eýranyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Şu ýyl Türkmenistanda Azerbaýjanyň Medeniýet günleri geçiriler