TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
IŞ ORUNLARY & TENDERLER

Halkara bäsleşik: halkara maslahat beriş edarasyny saýlap almak

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň buýurmagynda Daşoguz welaýatyndaky Şasenem suwaryş akabasynyň täze hanasyny hem-de suw howdanynyň taslama we gurluşyk işleri boýunça maslahat beriş hyzmatlaryny ýerine ýetirmek, tehniki gözegçiligi amala aşyrmak üçin halkara maslahat beriji edarany saýlap almak boýunça halkara bäsleşik yglan edýär.

Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary, teklipleri Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 84-nji jaýynda ýerleşýän Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde bellenilen tertipde kabul edilýär hem-de resmileşdirilýär. Haýyşnamalar 2022-nji ýylyň 19-njy awgustyna çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 44-46-64, 44-46-77.

 

Halkara bäsleşik: suw howdanyny gurmak

Ýene-de okaň

Aşgabat şäherinde Stomatologiýa merkezi gurlar

Aşgabatda Halkara pediatriýa merkezi gurlar

Türkmenistan Täjigistanda mekdep gurar

Teswirle