TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BILIM

Halkara audit: okuw kurslaryna çagyrýar

Häzirki wagtda goşmaça bilim, ozal gazanylan hünär okuwynda aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Goşmaça bilim, durmuşyň hiline täsir etmäge ukyply, sebäbi şahsyýetiň döredijilik mümkinçiliklerini aýan edilmegine gönükdirilen, durmuş taýdan möhüm netijäni gazanmagy höweslendirýär.

“Halkara audit” hojalyk jemgyýetiniň garamagyndaky okuw merkezi goşmaça bilim babatda öz mümkinçiliklerini hödürleýär. Bu okuw merkezi dürli ugurlar boýunça gysga möhleti okuw kurslaryny gurnaýar.

Esasan hem: buhgalter hasabynyň we maliýe hasabatlylygynyň esaslary, telekeçiligiň esaslary, salgytlar we salgyt salmak, iş dolandyryjylyk hasaby, sanly ykdysadyýet, halkara we milli maliýe hasabatlylyk ülňüleri, “blockchain” tehnologiýasynyň esaslary, taslamany dolandyrmak, kiberhowpsuzlyk esaslary, kompýuter sowatlylygy, elektron resminamalary dolandyrmak, iňlis, rus, nemes, fransuz, türk we türkmen dilleri, çalt okamak, mental arifmetikasy, robot tehnologiýasy ýaly ugurlarda okuwlar geçilýär.

Okuw sapaklary öz ugrunda hünärmen bolan mugallymlar tarapyndan amala aşyrylýar. Sapaklaryň dowamynda belli usulyýetler ulanylýar we okuw esbaplary berilýär. Okuwlar gutarandan soň degişli görnüşdäki şahadatnama berilýär.

Salgysy: Aşgabat ş, Atatürk köçesi 82
Tel: 46-91-26 ; 46-83-12 / +99362 88 96 79
halkara.audit.okuw@gmail.com
IMO: +99362 88 96 79
Instagram: halkara_audit_okuw

Türkmenistan: howa giňişligini peýdalanmaga mümkinçilik berýär

Ýene-de okaň

Ýurdumyzda italýan dili öwredilýär

Ahal welaýat mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebi gurlar

Türkmenistanyň wekiliýeti “Bilimi özgertmek boýunça sammite” gatnaşýar

Teswirle