JEMGYÝET

Serdar Berdimuhamedow täze wezipä saýlandy

Şu gün paýtagtymyz Aşgabatda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XI mejlisi geçirildi. Her ýyl Türkmen bedewiniň milli baýramynyň öňüsyrasynda geçirilýän bu maslahata ýurdumyzyň hökümet agzalary, atşynaslar, ýerli we daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy.

Paýtagtymyzdaky “Oguzkent” myhmanhanasynda geçirilen maslahata “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnaly hem çagyryldy.

Hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde geçirilen mejlisde guramaçylyk meselelerine hem seredildi. Milli Liderimiz Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň prezidenti wezipesine başga mynasyp adamyň saýlanylmagy barada aýdyp, bu barada nähili teklipleriň bardygyny sorady.

Şoňa laýyklykda, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalaryndan P.Baýramdurdyýew, D.Saparow hem-de S. Kuljanow dagy çykyş edip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy S.Berdimuhamedowy Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň prezidenti wezipesine saýlanmagyny teklip etdiler.

Soňra Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň mejlisinde S.Berdimuhamedowy Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň prezidenti wezipesine saýlanmagy boýunça ses berildi. Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalarynyň ses bermeginde S.Berdimuhamedow Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň prezidenti wezipesine biragyzdan saýlanyldy.

Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň prezidenti wezipesine saýlanan S.Berdimuhamedow eden çykyşynda assosiasiýasynyň agzalary bilen bilelikde ahalteke bedewleriniň abraýyny we şöhratyny belende galdyrmak, pederlerimiziň atşynaslyk sungatyny ösdürmek we dünýäde giňden wagyz etmek boýunça ähli tagallaryň ediljekdigini belledi.

 

 

Türkmenistanyň Prezidentine hormatly at dakyldy

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty boýunça Konstitusion kanun taýýarlanar

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi 19-njy sentýabrda geçiriler

Raşid Meredow Waşingtonda Marko Rubio bilen duşuşdy

Hormatly Prezidentimiz Wengriýanyň milli baýramyny gutlady

Türkmenistanyň raýatlaryna Hytaýyň ilçihanasyna resminama tabşyrmagyň günleri köpeldildi

Arkadag lukmançylyk klasteri “Kids EXPO” sergisinde tanyşdyrylar