TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

Halkalaýyn energo ulgamynyň birinji tapgyry taýýar

Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde halkalaýyn energo ulgamy döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, halkalaýyn energo ulgamy taslamasynyň birinji tapgyry bolan Ahal-Balkan  ýokary woltly täze asma elektrik geçirijisiniň ulanmaga tabşyrylmagy meýilleşdirilýär.

Bu iri möçberli taslamanyň durmuşa geçirilmek maksayd bilen zerur enjamlar, serişdeler hem-de ulag tehnikalary satyn alyndy. Ahal-Balkan ugry boýunça ýokary woltly elektrik geçirijisini çekmek boýunça işler ýurdumyzyň energo gurluşykçylarynyň güýji bilen amala aşyryldy.

Täze elektrik geçirijisiniň ulanmaga berilmegi mynasybetli geçiriljek çäreleriň meýilnamasy taýýarlandy. Ýurdumyzyň iki welaýatyny baňlanyşdyrýan ýokary woltly täze elektrik geçirijiniň ulanmaga tabşyrylmagy bilen, içerki sarp edijileriň energo üpjünçiliginiň ygtybarlylygynyň ýokarlandyrylmagy bilen birlikde daşary ýurtlara eksport ugradylýan elektrik energiýanyň mukdaryny artdymak üçin hem tehniki mümkinçilikler dörediler.

 

Halkara nebitgaz forumyna taýýarlyk görülýär

Ýene-de okaň

Türkmenistan we Sankt-Peterburg söwda öýlerini açmakçy

“KamAZ”-yň täze hyzmat ediş merkezleri açyldy

Gümrük ulgamynda türkmen-rus hyzmatdaşlygy

Teswirle