JEMGYÝET

Halk Maslahatynyň Başlygy Gazagystanyň ýokary sylagy bilen sylaglandy

Şu gün Hazar sammitine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşdy.

Gazagystanyň Prezidentiniň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, Gazagystanyň Prezidenti Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy doglan güni bilen gutlap, onuň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ugurlarda uly üstünlikleriň gazanylandygyny belledi.

Duşuşykda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň strategik hyzmatdaşlyk derejesine çykandygy bellenildi. Taraplar söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlaryndaky gatnaşyklaryň yzygiderli pugtalanýandygyny bellediler.

Duşuşygyň barşynda Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Gazagystan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagy – “Altyn Kyran” ordeni bilen sylaglady.

 

Ilham Aliýew Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşdy

 

Related posts

Türkmenistan’da ‘Bağımsızlık Koşusu’: 7 yarış 21 araba

vepa

Türkmen halkynyň Milli Lideri söwda toplumynyň sergisine baryp gördi

Ata Watan Eserleri

Türkmen takımı, AFC Kupası’na finallere kaldı

vepa