JEMGYÝET

Halk Maslahatynyň agzalarynyň ilkinji saýlawlary geçiriler

Ýekşenbe güni, 28-nji martda Türkmenistanda möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäre — Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň ilkinji saýlawlary geçiriler.

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyndan berlen maglumata görä, 26-njy martda bu möwsümiň möhüm tapgyrlarynyň biri — saýlawlaryň öň ýanyndaky wagyz işleri tamamlandy.

Türkmenistan boýunça Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalygyna jemi 112 dalaşgär bellige alyndy. Şeýlelikde, jemi 48 mandatyň her biri üçin 2-3 dalaşgär bäsleşer.

Dalaşgärleriň 26 göterimine golaýynyň zenanlardygyny bellemek gerek, munuň özi ýurdumyzda gender deňligine we aýal-gyzlaryň syýasy işjeňligine aýratyn ähmiýet berilýändigini görkezýär.

Bellenilen tertibe laýyklykda, paýtagtymyzda we welaýatlarda dalaşgärleriň saýlawçylar — welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň halk maslahatlarynyň agzalary bilen 24 duşuşygy geçirildi.

Şu gün ýurdumyzyň saýlaw uçastoklarynyň altysynda doly taýýarlyk yglan edildi, olaryň her biri öňünden saýlawlary guramaçylykly geçirmek üçin zerur derejede enjamlaşdyryldy.

Iki palataly Milli Geňeşiň döredilmegi ýurdumyzyň parlamentiniň taryhynda täze möhüm tapgyryň başlanýandygyny alamatlandyrar. Saýlawlaryň geçirilişine milli synçylaryň 440-sy öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde gözegçilik ederler.

 

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Russiýa sapary

Ýene-de okaň

“Makul Iňlisçe-Türkmençe” dil gollanmasy neşir edildi

Ata Watan Eserleri

Hytaýyň ilçisi: Hytaý jemgyýetinde türkmen diline bolan ünsi artýar

Halkara guramalarynyň wekilleri Türkmenistanyň “Arkadag” medaly bilen sylaglanar

Ilçi Szi Şumin: ahalteke bedewi türkmen we hytaý dostlugynyň nyşanydyr

Szi Şumin: türkmen-hytaý gaz hyzmatdaşlygyna 20 ýyl doldy

Türkmenistanyň ÝB ýurtlary bilen söwda dolanyşygy 2,1 milliard dollara deň boldy