JEMGYÝET

Halk Maslahaty: Ykdysady toplum barada habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisi geçirilýär.

Halk Maslahatynyň çäklerinde geçirilýän Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde kabul edilen resminamalaryň käbirleri baradaky habarlary Size ýetirýäris.

  • Ýurdumyzy 2022-nji ýylda durmuş-ykdysady ösdürmegiň maksatnamasy baradaky karara gol çekildi.
  • 2021-nji ýylda 83 milliard 773 million kubmetr tebigy gaz çykaryldy.
  • Tebigy gazyň eksporty 2020-nji bilen deňeşdirilende 34,8 göterim artdy.
  • Senagat önümlerinden 2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende, benzin boýunça 0,5 göterim, çalgy ýaglary boýunça 7,8 göterim, sement boýunça 4,5 göterim, çörek we çörek önümleri boýunça 6,3 göterim, gaýtadan işlenen we gaplanan balyk we balyk önümleri boýunça 2,1 göterim, şöhlat önümleri boýunça 9,8 göterim ösüş gazanyldy.
  • Ýurdumyzyň kiçi we orta telekçiligini goldamak boýunça 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna ýagdaýyna bu ugra goýberilen bank karzlarynyň mukdary 4,6 göterim artyp, 2,4 milliard manada deň boldy.
  • Kiçi we orta telekeçiligiň jemi 1874 sany taslamasy maliýeleşdirilip, döredilen iş orunlarynyň sany 16610 deň boldy.
  • 2021-nji ýylyň dowamynda ýurdumyzyň bank ulgamy tarapyndan 300 million amerikan dollaryna deň bolan maýa goýumlary çekmek boýunça karz ylalaşyklary baglanyşyldy.
  • 2021-nji ýylyň jemleri boýunça milli ykdysadyýetimiziň jemi içerki önümi 6,2 göterim artdy.
  • Ýurdumyzyň daşary söwda dolanyşygynyň möçberi 15,1 milliard amerikan dollaryna deň boldy.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň mejlisi dowam edýär

Ýene-de okaň

Türkiýäniň Prezidenti Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününi gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherinde täze taslamalar bilen tanyşdy

Türkmenistanyň käbir etraplarynda täze kazyýet we prokuratura edaralary döredildi

Türkmenistanyň Baş prokuroryna täze orunbasar bellendi

“Aga gurluşyk” hususy kärhanasy Azerbaýjanyň Fizuli şäherinde metjit gurar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Mejlisinde Irlandiýa Respublikasynyň ilçisi ynanç hatyny gowşurdy