BILIM

Gyzykly maglumat: algebrada näme üçin näbellilik «x» bilen belgilenilýär

Dünýä metbugatynda berilýän maglumatlara görä, bu belgi IX asyrda Horezmde ýaşan meşhur alym Muhammet al-Horezmi bilen baglydyr. Has takygy, bu näbellilik belgisi onuň «al-jebr» işinden gelip çykyp, deňlemeleriň çözüwine ýardam berýär.

Ýöne häzirki «x»-li deňlemeler alymyň öz ýaşan döwründe bolmandyr. Onuň ornuny käbir sözler tutupdyr. Mysal üçin näbellilik türkmen dilinde «zat» diýen manyny berýän «şeý» sözi bilen aňladylypdyr. Oňa görä «üç zat 15-i» hasyl edýän bolsa, «her zadyň 5-e deňdigi» ýüze çykarylypdyr.

XII asyrda al-Horezminiň «Al-Jabr wal mukobala» atly meşhur kitaby Ispaniýa çenli baryp ýetýär we ol ýerde näbellilik «xei» görnüşinde alynýar. Çünki ispan dilinde «ş» sesi «x» bilen aňladylýar. Wagtyň geçmegi bilen deňlemelerde bu sözüň diňe başky harpy ― x galypdyr.

 

Ançelotti täzeden “Reala” dolandy

 

 

Related posts

Türkmenbaşy şäherindäki deňizçilik orta hünär okuw mekdebi: Talyp:2021

Ata Watan Eserleri

Merkezi Aziýanyň alymlarynyň forumy geçiriler

Ata Watan Eserleri

Arktikadaky iň gadymy buzluklaryň birinde ýaryk peýda boldy