TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasy geçiriler

Şu gün XXIV gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasy geçirilýär. Oňa Türkmenistanyň Prezidentiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet hem gatnaşýar.
Gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasy 2008-nji ýylda Pekin şäherinde gurlan Milli stadiondna geçiriler. Ol “Guş höwürtgesi” hökmünde hem tanalýar.
Aşgabat wagty bilen 17:00-da başlajak açylyş dabarasy 2 sagada golaý dowam edýär. Ony Russiýanyň “Rossiýa 1” teleýaýlymy göni ýaýlymda alyp berer.

XXIV gyşky Olimpiýa oýunlarynyň käbir görnüşleri boýunça ýaryşlara badalga berildi. Pekindäki Olimpiýa oýunlary “Umumy gelejek üçin bilelikde” şygary bilen geçirilýär. Häzirlikçe Pekin şäheri hem tomusky hem-de gyşky Olimpiýa oýunlaryny kabul edýän ýeke-täk şäherdir. 2008-nji ýylda bu şäherde tomusky Olimpiýa oýunlary geçirilipdi.

Pekin şäheri XXIV gyşky Olimpiýa oýunlaryny guramak hukugyna 2015-nji ýylyň 31-nji iýulynda Halkara Olimpiýa Komitetiniň Kuala-Lumpur şäherinde geçirilen mejlisinde eýe bolupdy. Pekin şäheri bu hukuga eýe bolmak üçin Gazagystanyň Almaty şäheri bilen bäsleşipdi.

Pekin şäherindäki Olimpiýa oýunlarynda Halkara Olimpiýa komitetiniň düzgünlerine laýyklykda, sportuň 7 görnüşi boýunça 15 ugurda 109 medal toplumy ugrunda bäsleşikler geçiriler. 3-nji fewralda kerling, zenanlaryň arasynda hokkeý we beýleki ýaryşlara badalga berildi. Ýaryşlar 3 ýerde: Pekinde, Ýansin şäher eteginde we Çäanszýakou şäher okrugynda geçiriler.

Pekindäky gyşky Olimpiýa oýunlarynda Norwegiýanyň, Germaniýanyň, Kanadanyň we ABŞ-nyň türgenlerinden has köp medala garaşylýar. Şeýle hem ýer eýeleri hökmünde Hytaýyň ýygyndysynyň hem netijeli çykyş etmegi göz öňünde tutulýar.

2018-nji ýyldaky Olimpiýa oýunlarynda iň köp medaly Norwegiýa gazanypdy. Resmi däl medal sanawynda görä, norwegiýaly türgenler 39 medal alypdy.

 

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýa bardy

Ýene-de okaň

Katar-2022: nobat 1/8 finalda

Katar-2022: Günorta Koreýa Portugaliýany ýeňip, 1/8 finalda

Dünýä çempionatynda ilkinji gezek zenan emin eminlik etdi

Teswirle