DÜNÝÄ

Gyrgyzystanyň Prezidenti Türkmenistana geldi

Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow resmi sapar Türkmenistana geldi. Onuň sapary 27-28-nji iýun  aralygynda göz öňünde tutuldy. Bu barada Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň resmi internet saýtynda bellenilip geçilýär.

Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň uçary Aşgabadyň halkara howa menziline gondy. Hormatly myhmany Türkmenistanyň energetika ministri Çarymyrat Purçekow garşylady. Prezident Sadyr Žaparow türkmen halkynyň myhmansöýerligi esasynda duz-çörek bilen garşylandy.

Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň hem-de Gyrgyz Respublikasynyň baýdaklary parlaýar. Howa menzilinde hormat garawuly goýuldy.

Prezident Sadyr Žaparowyň resmi saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary göz öňünde tutuldy, şeýle hem birnäçe çärelere gatnaşmagy meýilleşdirildi.

Prezident Sadyr Žaparow türkmen-gyrgyz ykdysady forumyna gatnaşar we Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisini aýlanyp görer.

Ozal habar berlişi ýaly, 1992-nji ýylyň oktýabrynda iki döwletiň arasynda diplomatik gatnaşyklar ýola goýuldy. Häzir däp bolan dostlukly ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýady resminamalaryň 60-syny özünde jemleýär.

Şu gezekki saparyň çäklerinde hem ikitaraplaýyn resminamalaryň uly toplumyna gol çekmek göz öňünde tutulýar.

Ýene-de okaň

Türkiýäniň söwda ministri Türkmenistana geler

Tbiliside Bütindünýä türki diller maşgalasynyň güni bellenildi

Iňlis dili okuw sapaklaryna gatnaşan Mejlisiň wekillerine şahadatnamalary gowşuryldy

Türkmenbaşy we Baku Halkara deňiz portlarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi

TOPH taslamasy Hyratda: turbageçiriji üçin 91 kilometr taýýar edildi

Fransiýa çagalar üçin jemgyýetçilik torlaryny gadagan etjek ikinji ýurt bolar