DÜNÝÄ

Gyrgyz Prezidenti Türkmenistanda we Täjigistanda saparda bolar

Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow 27-29-njy iýun aralygynda Türkmenistanda we Täjigistanda resmi saparda bolar. Bu barada Gyrgyz Respublikasynyň resmi internet sahypasynda bellenilip geçilýär.

Şol habarda bellenilip geçilişi ýaly, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow 27-28-nji iýunda Türkmenistanda saparda bolar. Saparyň çäklerinde Gyrgyz Respublikasynyň we Türkmenistanyň Prezidentiniň ikiçäk we giňeldilen düzümde gepleşikleri geçiriler.

Iki ýurduň döwlet Baştutanlary ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ugurlaryny, şeýle hem sebit we halkara guramalaryň çäklerindäki möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşarlar.

Soňra 28-29-njy iýunda Prezident Sadyr Žaparow Täjigistanda resmi saparda bolar. Bu saparyň çäklerinde hem iki ýurduň Prezidentleriniň ikitaraplaýyn gepleşikleri göz öňünde tutulýar.

Bu saparlar Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň Türkmenistana we Täjigistana ilkinji saparlary bolar.

 

“Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” kitaby italýan dilinde

Ýene-de okaň

Tbiliside Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan ylmy maslahat geçirildi

Günorta Koreýanyň ýörite wekili bilen duşuşyk

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň wekiliýeti Ženewada Halkara Zähmet Guramasynyň wekilleri bilen duşuşyklary geçirdi

Bişkekde Türkmenistanyň bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan maslahat geçirildi

Jakarta dünýäniň iň uly megapolisi boldy

Türkmenistanyň Marokko Patyşalygyndaky Ilçisi ynanç hatlaryny gowşurdy