JEMGYÝET

Güýzki bag ekmek möwsümine taýýarlyk görülýär

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy hem-de ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek we ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen döwlet strategiýasynyň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi.

Wise-premýer bu ugurda görülýän çäreler barada aýdyp, degişli Karara laýyklykda, eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary hem-de welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri tarapyndan ýurdumyzda saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň jemi 30 million düýp nahalyny ekmegiň meýilleşdirilendigini habar berdi.

Şu ýylyň ýazky bag ekmek möwsüminde 15 milliondan gowrak bag nahallary ekilip, häzirki wagtda güýzki bag ekmek möwsümine taýýarlyk görülýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  hasabaty diňläp, tebigata aýawly garamagyň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudygyny nygtady. Ýurdumyzda köpçülikleýin bag ekmek möwsümi asylly däbe öwrüldi. Milli tokaý maksatnamasy üstünlikli amala aşyrylýar. Onda şäherleriň we obalaryň töwereginde, ulag ýollarynyň ugrunda ýaşyl zolaklary döretmek göz öňünde tutulýar.

Milli Liderimiz adamlaryň abadan durmuşynyň möhüm şertleriniň biri hökmünde mundan beýläk-de ekologiýa meselesine aýratyn üns bermegiň zerurdygyny nygtap, wise-premýere öňümizdäki ählihalk bag ekmek dabarasynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

 

Modada ilkinji düşürilen suratlar

Ýene-de okaň

Mary we Lebap welaýatlarynyň käbir etraplaryna täze häkimler bellenildi

Arkadag şäherinde jaý toýlary tutuldy

Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralara gatnaşdy

Pyýada atly ahalteke bedewiniň heýkeliniň açylyş dabarasy boldy

Hankerwen – 2026-njy ýyl boýunça «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi»

Türkmenistan Kuweýt Döwletine ilçi belledi