BILIM

Gutardyş döwlet synaglary başlady

Şu gün tomus paslynyň ilkinji gününde ýurdumyzyň ähli umumy bilim berýän orta mekdeplerinde uçurymlar üçin gutardyş döwlet synaglary badalga aldy. Bu barada “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetinde habar berilýär.

Däp bolan gutardyş döwlet synaglary «Türkmen dili we edebiýaty» dersinden başlady we şu ýyl mekdep bilen hoşlaşýan ýaş türkmenistanlylar bu dersinden düzme ýazýarlar.

Indiki synag ähli mekdepleriň uçurymlary üçin «Algebra we analiziň başlangyçlary» dersinden bolar. Bu synagy 6-njy iýunda geçirmek göz öňünde tutulýar.

Şeýle hem ähli mekdepler üçin hökmany bolan gutardyş döwlet synaglaryň biri hem jemgyýeti öwreniş dersinden bolar. Bu synagyň geçiriliş möhletini her bir mekdep özbaşdak tertipde kesgitlär.

Dördünji synag dersi, uçurymlar fizika, biologiýa ýa-da Türkmenistanyň taryhy dersini ileri tutup, özleri saýlarlar. Olaryň çözgüdi mekdeplerde ýöriteleşdirilen bilimiň aýratynlyklaryna baglydyr.

Umuman, 2021 – 2022-nji okuw ýylynda orta mekdebi tamamlaýan uçurymlaryň synaglary 18-nji iýuna çenli tamamlanar.

 

Daşary ýurtda bilim almak üçin nirä ýüz tutmaly?

Ýene-de okaň

Ýurdumyzyň ýaş robot tehnikaçylary Dubaýda geçiriljek IWISE Global Final bäsleşigine gatnaşarlar

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutynyň ýokary hünär bilimine 2026-2027-nji okuw ýylynda okuwa kabul etmegiň tertibi

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby-deňiz mekdebine 2026-2027-nji okuw ýylynda okuwa kabul etmegiň tertibi

Türk ministri: 37500 türkmenistanly talyp Türkiýede bilim alýar

Türkmenistanyň okuwçylary STEM olimpiadasyna gatnaşýarlar

Türkmen ýaşlary Malaýziýanyň PETRONAS uniwersitetinde bilim alyp bilerler